Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Bilim işgärleriniň iş tejribesinden

Sözleýiş we ýazuw kadalaryny öwretmek Häzirki wagtda ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemek asylly ýörelgä öwrüldi. Şunda ýaşlarda ene dilimize söýgi döretmek, olaryň ýazuw kadalaryna düşünmeklerini gazanmak esasy ugurlardyr. Dilimizde ýörite öwrenilýän ylmy, çeper, publisistik stili, resmi hem-de iş-kagyz stilini okuwçylara öwretmek bilen olaryň ýazuw işinde hem kämilleşmegini gazanmak bolýar. Sözleýşiň umumy aýratynlyklary gepleşigiň haýsy gurşawda bolup geçýänligi bilen bagly bolýar. Ol ýa-da beýleki gurşawdaky gepleşik jemgyýetçilik aňyň formasyna görä bolýar. Muňa mysal hökmünde şulary beýan edip bolar, ýagny gepleşigiň ylmy gurşawyndaky sözleýşe ylmy stil diýlip, bu stiliň öz funksional-stilistik kadasy we alamatlary bolýar.

Bilim bilen hikmet – altyndan gymmat

Pederlerimiziň çuň paýhasy siňen şu dürdäne pähimi okanyňda, bilime näderejede bahasyna ýetip bolmajak hazynadygyna akyl ýetirýärsiň. Elbetde, «Bir — okana, bir — dokana», «Bilmeýän zadyňy kitapdan sora», «Göz bar — görmek üçin, akyl bar — bilmek üçin» diýip ündän ata-babalarymyz bilimlilige örän uly ähmiýet berip, bilimli bolmagy nesillerine nesihat edip gidipdirler. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim ulgamynda ýylsaýyn täze-täze özgertmeler amala aşyrylyp, dünýä ülňülerine laýyklykda, has-da kämilleşdirilýär. Bu barada şu ýylyň 24-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow öz çykyşynda: «Döwlet býujeti ykdysadyýetimizi meýilleşdirmegiň möhüm guralydyr. Şunuň bilen baglylykda, şu ýyl ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasyndan bilimi, saglygy goraýşy, medeniýeti ösdürmäge, önümçilik, durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygyna köp möçberde serişdeler gönükdirildi» diýip belläp geçdi. Hormatly Prezidentimiziň şu sözlerinden görnüşi ýaly, milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda gazanylýan ösüşleriň özeninde kämil bilimli şahsyýetlere örän uly orun degişlidir. Şu maksatdan ugur alyp, ýurdumyzyň orta, orta hünär we ýokary okuw

Kanada talyplaryň sanyny çäklendirýär

2024-nji ýylyň dowamynda Kanada ýokary okuw mekdeplerinde bakalawr maksatnamasy boýunça daşary ýurtlardan okamaga gelýän talyplaryň sanyny çäklendirdi. Munuň sebäbi Kanada daşary ýurtlardan gelýän talyplaryň sanynyň ýyl-ýyldan artmagy bilen baglanyşyklydyr. Mysal üçin, 2022-nji ýylda Kanada beýleki döwletlerden 800 müňden gowrak talyp bilim almaga gelipdir. Kanadanyň Hökümetiniň kararyna laýyklykda, 2024-25-nji okuw ýylynda talyplara bilim almak üçin 360 müňe golaý rugsatnama berildi. Bu görkeziji 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 35 göterim azdyr.

Ir­gin­siz zäh­me­tiň ne­ti­je­le­ri

«7/24.tm»: №45 (232) 04.11.2024 Bi­li­miň, yl­myň, teh­ni­ka­nyň we teh­no­lo­gi­ýa­nyň güýç­li dep­gin­ler bi­len ös­me­gi, okat­ma­gyň has amat­ly we ýo­ka­ry ne­ti­je­li in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň okuw-ter­bi­ýe­çi­lik iş­le­ri­ne giň­den or­naş­dy­ryl­ma­gy biz bi­lim iş­gär­le­ri üçin giň müm­kin­çi­lik­le­re ýol aç­mak bi­len bir ha­tar­da öňü­miz­de ýaş nes­le be­ril­ýän bi­li­miň hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­mak we maz­mu­ny­ny yzy­gi­der­li baý­laş­dyr­mak ýa­ly mö­hüm we­zi­pe­le­ri goý­dy. Gah­ry­man Arkada­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ta­gal­la­la­ry bi­len ýur­du­myz­da ka­bul edi­len «Türk­me­nis­tan­da umu­my­bi­lim mak­sat­na­ma­la­ry bo­ýun­ça okat­ma­gyň usu­ly­ýe­ti­ni kä­mil­leş­dir­me­giň 2028-nji ýy­la çen­li Kon­sep­si­ýa­sy» esa­syn­da mek­de­bi­miz­de giň ge­rim­li iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar.

Dil­ler dün­ýä­si­ne sy­ýa­hat

«7/24.tm»: №45 (232) 04.11.2024 Da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni öw­ren­me­giň peý­da­la­ry köp­dür­lü­dir. Bir­nä­çe di­li bil­mek di­ňe bir şah­sy ösüş we bi­lim taý­dan peý­da­ly bol­man, eý­sem, jem­gy­ýet­de has tä­sir­li gat­na­şyk gur­mak, iş­le­ýiş müm­kin­çi­lik­le­ri­ni gi­ňelt­mek, şeý­le-de me­de­ni­ýet­le­ri öw­ren­mek üçin ýol­la­ry aç­ýar. Ge­liň, köp dil bil­me­giň äh­mi­ýe­ti, haý­sy di­li öw­ren­me­giň aň­sat­dy­gy ýa-da kyn­dy­gy dog­ru­syn­da pi­kir ýö­re­de­liň!

Ösüşiň indiki ädimi (Bilim we geljek)

Durmuşda her bir üstünlik özünden soňky üstünliklere hamyrmaýa bolýar. Ynsan taryhyndaky ilkinji uçarly syýahat bilen ilkinji Aýa syýahatyň arasynda bary-ýogy 66 ýyl bar. 1903-nji ýylda ilkinji uçarly syýahat amala aşyrylanda: «Bir gün adam Aýa hem baryp ýeter» diýlen bolsa, elbetde, ol wagtlar muňa hiç kim ynanmazdy. Emma 1969-njy ýylda adamzat Aýa gadam basdy. Bu günki gün bolsa ol Marsa syýahatyň arzuwynda gezip ýör. Şeýlelikde, bilim arkaly beýik geljek binýat tapýar, ösüşleriň derejesi bilim bilen kesgitlenilýär. Ylym we bilimde arka atylýan menziller hyýalymyza sygmajak netijeler bilen haýran galdyryp, her birimizi täze gözleglere ruhlandyrýar. DÜÝNDEN ŞU GÜNE...

«Biz Watanyň balasy...»

Geçen ýylda Arkadag şäherinde birnäçe bilim ojaklary açylyp ulanmaga berildi. Arkadag şäherindäki 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň mekdebe çenli bölümi hem olaryň biri. Çagalar bagymyzda bilim işiniň guralyşy tassyklanan okuw meýilnamalary, ýyllyk senenamalaýyn okuw çyzgydy, okuw sapaklarynyň tertibi bilen düzgünleşdirilýär. Çagalar bagyna psihologlardan, tejribeli mugallymlardan ybarat bolan iş toparyň netijenamasynyň esasynda senenama ýylynda 3 ýaşyny doldurýan çagalar kabul edilýär. Mekdebe çenli bölümde bilim bermek işi Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan gün tertibine, okuw meýilnamalaryna, okuw maksatnamalaryna we degişli iş resminamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

Kämil hünärmenler ýetişýär

Bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda bagtyýar zamanamyzyň ruhubelent ýaşlarynyň okamagy, öwrenmegi, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin netijeli işler durmuşa geçirilýär. Döredilýän şeýle giň gerimli şertleriň netijesinde hem döwür bilen deň gadam urmaga ukyply, ýokary hünär taýýarlygy bolan ýaş nesil kemala gelýär. Hormatly Prezidentimiziň türkmen ýaşlaryna özleriniň ylym-bilim esasynda kämil geljegini gurmaga döredip berýän hemmetaraplaýyn giň mümkinçilikleri dogrusynda söhbet edileninde, şeýle asylly maksatlaryň milli çäklerden çykyp, has giň gerime eýedigini hem aýratyn bellemek gerek. Bu günki gün türkmen ýaşlarynyň diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, dünýäniň ençeme abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim almagy üçin zerur şertler bar.

Geljegiň aýdyň şuglasy

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzda bilim ulgamy uly ösüşleri başdan geçirýär. Eziz Diýarymyzda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi, şuňa laýyklykda «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasynyň» hem-de «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň» tassyklanylmagy nurana geljegiň eýeleri bolan ruhubelent ýaşlaryň kämil bilim almaklaryna, döredijilikli zähmet çekmeklerine uly mümkinçilikleri döredýär. Döwlet Baştutanymyzyň türkmen ýaşlarynyň ýaşaýyş-durmuşyna, ähli ugurlarda gazanan üstünliklerine bagyşlap ýazan «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby ähli türkmenistanlylar üçin ajaýyp sowgat boldy. Berkarar Watanymyzda ýaş nesilleriň durmuş hal-ýagdaýyny gowulandyrmak, olara döwrebap bilim bermek ugrunda alnyp barylýan işler talyplar üçin täze mümkinçilikleriň gapysyny açýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat, Arkadag şäherlerinde orta hünär okuw mekdeplerini açmak baradaky taryhy kararlary bu ugurda gazanylan üstünlikleriň bir bölegi bolup, ýaşlara täze hünärleri ele almakda giň mümkinçilikleri hödürleýär. Şu günki gün bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgert

Peder kesbine wepaly

Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdep welaýatymyz boýunça iň göreldeli bilim ojaklarynyň hatarynda tanalýar. Golaýda lebaply öňdebaryjy bilim işgärleriniň, usuly birleşmeleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmaklarynda «Matematika sapaklarynda okuwçylaryň özbaşdak pikirlenmek, ýatdan hasaplamak endiklerini ösdürmegiň usulyýetini kämilleşdirmek» diýen at bilen usuly-amaly maslahatyň hem hut şu mekdepde geçirilmegi muny ýene bir ýola tassyklaýar. Çäräniň dowamynda mekdebiň mugallymlary tarapyndan dürli synplarda göreldeli okuw sapaklary guraldy. Şolardan mugallym Myrat Babalyýewiň okadýan 10-njy synpynda «Progressiýalar bilen bagly meseleleriň çözülişi» diýen mowzukda interaktiw tagtadan, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden işjeň peýdalanmak arkaly geçen sapagy maslahata gatnaşyjylaryň has-da göwünlerinden turdy. Biz bu mugallymyň işi, zähmet ýoly bilen ýakyndan tanyşmagy makul bildik. Söhbetdeşligimiz onuň mugallymçylygy kesp-kär hökmünde saýlaýşy baradaky gürrüňden başlandy.

Özara tejribe sapaklary

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Raýat goranyşy fakultetiniň harby talyplary bilen TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynda geçirilen özara tejribe alyşmak duşuşygynyň örän täsirli we ýokary derejede guramaçylykly geçirilendigini bellemek bolar. Harby institutda serkerdeler we harby talyplar tarapyndan ylym-bilim ulgamynda gazanylan üstünlikler ýokary baha mynasypdyr. Çünki Ýaragly Güýçlerimiziň düzüm birlikleri üçin taýýarlanylýan harby hünärmenler bu ugurda dünýäniň iň soňky gazananlary bilen üpjün edilipdir. Institutyň kafedralarynyň häzirki zaman we döwrebap okuw otaglarynda, tejribehanalarynda harby talyplaryň ýokary derejede bilim almaklary üçin döredilen mümkinçilikler bizde diýseň uly täsir galdyrdy. Aýratyn-da, harby bilimiň sanly ulgam arkaly we hakyky söweş ýagdaýlaryna ýakynlaşdyrylyp geçirilmegi üçin ýörite tehniki serişdeleriň bolmagy biziň ünsümizi özüne çekdi. Özara tejribe alyşmak duşuşygy bolsa, Türkmenistanda giň gerimli işleriň amala aşyrylmagy, ilkinji nobatda, ilatyň rahat we abadan durmuşyny üpjün etjek ýokary bilimli harby hünärmenleriň taýýarlanylýandygynyň ýene bir gezek aýdyň subutnamasy boldy.

Mugallymçylygyň mertebeli menzilleri

Mugallym diýen hormatly käriň eýesi Nurtäç Nyýazdurdyýewanyň ak mekdebiň işiginden ilkinji gezek ätlän körpeleri yssy mähri bilen garşylap ýörenine eýýäm kyrk iki ýyl bolupdyr. Onuň edep-terbiýe beren, sowat öwreden körpejeleriniň ençemesi hormatly kärleriň, at‑abraýyň, öý-ojagyň eýeleri bolup gitdiler. Ýöne, adamyň näçe ýaşyna barsa-da, ilkinji synpa baranynda bilim beren mugallymynyň adyny ömürboýy gursagynda göterip, oňa aýratyn hormat-sarpa goýup gezýändigini bellemek gerek. Hawa,  şeýle hormat-sarpanyň eýesi bolan  mugallym Nurtäç Nyýazdurdyýewa ajaýyp zamanamyzda ýaş nesillere döwrebap bilim-terbiýe bermekde baý tejribesinden örän ýerlikli peýdalanýar. Ol 1961-nji ýylda Balkanabat şäherinde dogulýar. 1969 — 1979-njy ýyllarda şäherdäki 20-nji orta mekdepde bilim alýar. Gol doly maşgalada kemala gelen, sekiz doganyň biri bolan Nurtäjiň kalbynda mugallymçylyk kärine bolan söýgini başlangyç synp mugallymy Dursuntagan Bekeşowa döredýär. Şeýlelikde, ol orta mekdebi tamamlandan soňra, 1979 — 1982-nji ýyllarda Türkmenbaşy şäherindäki mugallymçylyk mekdebinde okaýar. Ony üstünlikli tamamlandan soňra-da, öz bilim alan orta mekdebinde zähmet ýoluna başlaýar.

Raýat goranyşynyň aýdyň menzilleri

Watanymyzyň gurluşyk we binagärlik ulgamlarynyň günsaýyn ösmegi netijesinde, gurulýan desgalaryň tebigy hadysalara hem-de adatdan daşary ýagdaýlara durnuklylygyny ýokarlandyrmak we raýat goranyşy çygrynda ýokary bilimli harby hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda döredilen Raýat goranyşy fakultetinde TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň harby talyplary bilen özara tejribe alyşmak duşuşygy guraldy. Çäräniň meýilnamasyna laýyklykda, serkerde-mugallymlaryň we harby talyplaryň gatnaşmagynda maslahat geçirildi. Maslahatda çykyş edenler döwlet derejesinde harby bilim ulgamyny ösdürmek boýunça döredilýän giň mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlaryny aýtdylar. Soňra Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ylymda we bilimde gazananlarynyň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Institutyň talyp ýaşlary tarapyndan taýýarlanan we ýurdumyzyň binagärlik-gurluşyk ulgamyna giňden ornaşdyrylan gurluşyk işleriniň şekil taslamalarynyň aýratynlyklary düşündirildi. Raýat goranyşynyň ýöriteleşdirilen harby tehnikalaryny we maddy-tehniki binýadyny giňden ýaýbaňlandyrýan görkezme okuw sapaklarynda raýat goranyşy üçin güýçleri we serişdeleri taýýar ýagdaýda saklamak hem-de ilata kömek bermek babatynda görkezme türgenleşikleri geçirildi.

Bilim ulgamyndaky döwrebap özgertmeler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda düýpli özgertmeleriň durmuşa ornaşdyrylýan zamanasydyr. Agzybir hem-de zähmetsöýer halkymyzyň eşretli ýaşaýşynyň gözbaşyny bilim ulgamynyň kämilleşdirilmeginde görýän hormatly Prezidentimiziň bu ugurda amala aşyrýan özgertmeleri, ulgamy dünýä derejesinde kämilleşdirmek boýunça tutumlary ata-babalarymyzyň parasatly wesýetleridir asylly ýörelgelerine daýanyp, halkymyzyň ylymly-bilimli, Watana wepaly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde toplan köpasyrlyk tejribesini özünde jemleýär. Ýurdumyzda häzirki zaman okuw-tehniki enjamlary, görkezme esbaplary bilen üpjün edilen bilim ojaklary ýaş nesliň çuňňur bilimli, giň gözýetimli bolmaklaryny gazanmaklygyň döwlet syýasatynyň esasy üns berilýän ugurlarynyň biridiginiň anyk subutnamalarydyr. Häzirki zaman sanly tehnologiýalaryň bilim ulgamyna giňden ornaşdyrylmagy arkaly ulgamyň mümkinçiligi has-da ýokarlandy. Okadylýan sapaklar boýunça berilýän maglumatlar ol ýa-da beýleki ugurlar boýunça dünýä tejribesi, öňdebaryjy usullar bilen yzygiderli baýlaşdyrylýar. Munuň özi okatmagyň innowasion usullaryny giňden peýdalanmaga we öwredilýän maglumatlar bilen umumy netijeliligi artdyrmaga, berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmaga täze şertler döredýär. Sanly tehnologiýalaryň esasynda kämilleşýän bilim ulgamynda hünärlere ýöriteleşdirilen, döwrebap okuw, lingafon otaglarynyň

Aýdyň geljegimiziň kepili

Ýurdumyzda bilim ulgamynda gazanylýan özgertmeler halkymyzyň arzuw-islegini kanagatlandyryp, ýaş nesliň kalbyna belent maksatlara tarap badalga berýär. Çünki bilim geljegi nazarlaýan ýol, bu ugurda gazanylýan üstünlikler bolsa, biziň bagtyýarlygymyzyň gözbaşydyr. Munuň şeýledigine, hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyndaky: «Beýik işler bilime daýanýar, bilim bolsa terbiýe bilen geçmeli gymmatlykdyr» diýen sözleri hem aýdyň şaýatlyk edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bolsa ýaş nesillerimiziň gazanýan üstünlikleri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän işleriniň ajaýyp miwesi bolup, göwnümizi galkyndyrýar. Netijede, döwlet Baştutanymyzyň başda durmagynda üstünlikli alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan bilim we ylym ulgamynyň uly üstünliklere beslenýändigine şaýat bolýarys. Bilim ulgamy — jemgyýetimiziň ösüşiniň kuwwatly güýji bolmak bilen, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýär. Şeýlelikde, bu ulgam Diýarymyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagynyň wajyp şerti bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, döwrümiziň ylmy-tehniki ösüşiniň gazananlaryna, bilimlere we innowasiýalara daýanyp, ýurdumyzda ylym-bilimi, medeniýeti ösdürmek, dünýäniň syýasy, ykdysady, ylmy-medeni giňişliginde Türkmenistanyň o

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Mugallym hemme ýerde mugallymdyr Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimiziň mynasyp neslini kemala getirmekde ata-babalarymyzdan miras galan ýörelge dowam etdirilýär. Çünki ata Watanymyzda nesil terbiýesine uly ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmekde ýokary görkezijiler gazanylýar.

Ýunesko kafedralary we klublary tejribe alyşdylar

Golaýda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ÝUNESKO klublarynyň we kafedralarynyň ýolbaşçylary bu ugurda tejribe alyşmak üçin Belarus Respublikasynyň Minsk şäherinde iş saparynda boldular. Saparyň dowamynda mugallymlar ÝUNESKO klublarynyň Belarus assosiasiýasynda, ÝUNESKO klublarynyňdyr kafedralarynyň birnäçesinde myhmançylykda boldular. Assosiasiýanyň agzalary myhmanlary alyp barýan işleri bilen tanyşdyryp, durmuşa geçirilýän halkara taslamalar we maksatnamalar, bu babatda ugurdaş düzümler bilen yzygiderli giňeldilýän hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barada gürrüň berdiler. ÝUNESKO klublarynda ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, ekologik bilimi we sagdyn durmuş ýörelgelerini ösdürmekde alnyp barylýan işler, ony has-da ilerletmegiň ugurlary barada hem söhbet edildi. Mugallymlar «Gyzykly işleriň merkezi» atly klubda myhmançylykda bolup, onuň işi hem-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň klublarynyň işjeňligi bilen belarus kärdeşlerini tanyşdyrdylar. Klubuň agzalary ýöriteleşýän ugurlary boýunça geçirýän medeni çäreleri barada gürrüň berdiler.

Dil — baýlyk

Dil her bir ýurduň milli gymmatlygy, her bir halkyň ruhy baýlygy hasaplanýar. Şol sanda türkmen halkynda-da dil bilmek uly baýlykdyr. Dil öwrenmek, ýaş nesilleriň üç dili suwara bilmeklerini gazanmak milli bilim syýasatymyzyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz türkmen ýaşlarynyň dünýä dillerini öwrenmekleri üçin ähli şertleri we mümkinçilikleri döredýär. «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, eziz Diýarymyzda dil bilimi kämil derejede ösdürilip, orta we ýokary okuw mekdeplerinde, dil merkezlerinde dünýä dilleri çuňlaşdyrylyp öwredilýär. Ýurdumyzyň bilim ulgamynda daşary ýurt dillerini öwretmegiň okuw-usulyýet binýady döwrebaplaşdyrylýar, ony okatmagyň mazmuny baýlaşdyrylýar. Munuň özi daşary ýurt dillerini suwara bilýän ýaşlaryň kemala gelmeginde möhüm ähmiýetlidir. Halkymyzda: «Dil bilen köp biler», «Diller dünýä ýol açýar» diýilýär. Dil bilmek adamzat medeniýetine, kämil ylym-bilim dünýäsine aralaşmagyň, giň dünýägaraýşyň açarydyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň daşary ýurtlar bilen dürli ugurlardaky hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary dünýä dillerini gowy bilýän kämil hünärmenleriň taýýarlanylmagyna zerurlygy artdyrýar. Dünýä halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmakda, olaryň milli ýörelgelerini, medeniýetini, däp-dessurlaryny öwrenmekde d

Aýdyň maksatlar rowaçlanýar

Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň häzirki ýeten belent sepgitleriniň sakasynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly ajaýyp kitabynda islendik döwletiň ykdysady kuwwatynyň diňe bir tebigy baýlyklary bilen däl-de, eýsem, ýetişdirip bilýän kämil nesilleri bilen kesgitlenýändigi dogrusynda aýratyn nygtalýar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň turuwbaşdan milli bilim ulgamynyň işini hil babatda dünýä ülňülerine laýyk getirmekdäki taýsyz tagallalarynyň çuňňur mazmunyny aýdyň görkezýär, sebäbi şeýle aladalaryň netijesinde, berkarar Diýarymyz hem bu ugurda kuwwatly döwletleriň birine öwrüldi. Ýurduň egsilmez kuwwaty bolan ýaşlarymyza döwrebap bilim almak, saýlan hünäriniň eýesi bolmak üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mynasyp dowam edýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim ulgamynyň özgertmelerine aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşynda şeýle belledi: «Biz bilim ulgamynda ruhy taýdan kämil, giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri terbiýelemek boýunça netijeli işleri alyp barýarys. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda halkara derejä laýyk gelýän umumybilim edaralaryny döretmegi, mekdep-gimnaziýalary açmagy hem möhüm wezipeleriň biri hasaplaýarys». Bu çuňňur

Döwrebap özgertmeler

Hä­zir­ki aja­ýyp döw­rü­miz­de ylym we bi­lim ul­gam­la­ryn­da mö­hüm öz­gert­me­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Ýur­du­my­zy mundan buýana hem ösdürmekde ylym-bi­lim ul­gam­la­ry­na jem­gy­ýet­çi­lik ösü­şi­niň kuw­wat­ly öz­ger­di­ji güý­ji hök­mün­de wa­jyp orun de­giş­li­dir. Ylym jem­gy­ýe­tiň ösü­şin­de he­re­ket­len­di­ri­ji güýç­dür. Ylym-bi­li­mi döw­re­bap ös­dür­mek bi­len bir ha­tar­da jem­gy­ýe­ti­mi­ziň we döw­le­ti­mi­ziň wa­jyp me­se­le­le­ri­ni çöz­mä­ge gö­nük­dir­mek esa­sy ugur­la­ryň bi­ri­dir. Bi­lim öz­gert­me­le­ri­niň bar­şyn­da ça­ga­lar bag­la­ryn­dan baş­lap, or­ta, ýö­ri­te hü­när we ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­ne çen­li äh­li bi­lim-ter­bi­ýe­çi­lik eda­ra­la­ry­ny döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­lar, hä­zir­ki za­man okuw-usu­ly en­jam­la­ry bi­len üp­jün et­mek we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­di. Bu bol­sa ýaş­la­ra be­ril­ýän bi­li­miň dün­ýä de­re­je­si­ne la­ýyk ge­ti­ril­me­gi ba­bat­da­ky we­zi­pe­le­riň amal edil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len müm­kin­çi­lik­le­ri has-da art­dyr­ýar. Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz bi­lim ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň has be­lent tap­gy­ry­na ga­dam bas­dy we «Türk­me­nis­tan­da san­ly bi­li­mi ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy» pu­da­gyň äh­li ugur­la­ryn­da giň­den ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy. Bi­lim ul­ga­my­nyň äh­li dü­züm­le­rin­de okat­ma­gyň we iş­le­ri alyp bar­ma­gyň san­ly se­riş­de­le­ri­ni or­naş­dyr­mak