«7/24.tm»: №45 (232) 04.11.2024
Bilimiň, ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýanyň güýçli depginler bilen ösmegi, okatmagyň has amatly we ýokary netijeli innowasion tehnologiýalarynyň okuw-terbiýeçilik işlerine giňden ornaşdyrylmagy biz bilim işgärleri üçin giň mümkinçiliklere ýol açmak bilen bir hatarda öňümizde ýaş nesle berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak we mazmunyny yzygiderli baýlaşdyrmak ýaly möhüm wezipeleri goýdy. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda kabul edilen «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» esasynda mekdebimizde giň gerimli işler amala aşyrylýar.