Geçen ýylda Arkadag şäherinde birnäçe bilim ojaklary açylyp ulanmaga berildi. Arkadag şäherindäki 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň mekdebe çenli bölümi hem olaryň biri.
Çagalar bagymyzda bilim işiniň guralyşy tassyklanan okuw meýilnamalary, ýyllyk senenamalaýyn okuw çyzgydy, okuw sapaklarynyň tertibi bilen düzgünleşdirilýär. Çagalar bagyna psihologlardan, tejribeli mugallymlardan ybarat bolan iş toparyň netijenamasynyň esasynda senenama ýylynda 3 ýaşyny doldurýan çagalar kabul edilýär. Mekdebe çenli bölümde bilim bermek işi Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan gün tertibine, okuw meýilnamalaryna, okuw maksatnamalaryna we degişli iş resminamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.