Bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda bagtyýar zamanamyzyň ruhubelent ýaşlarynyň okamagy, öwrenmegi, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin netijeli işler durmuşa geçirilýär. Döredilýän şeýle giň gerimli şertleriň netijesinde hem döwür bilen deň gadam urmaga ukyply, ýokary hünär taýýarlygy bolan ýaş nesil kemala gelýär.
Hormatly Prezidentimiziň türkmen ýaşlaryna özleriniň ylym-bilim esasynda kämil geljegini gurmaga döredip berýän hemmetaraplaýyn giň mümkinçilikleri dogrusynda söhbet edileninde, şeýle asylly maksatlaryň milli çäklerden çykyp, has giň gerime eýedigini hem aýratyn bellemek gerek. Bu günki gün türkmen ýaşlarynyň diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, dünýäniň ençeme abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim almagy üçin zerur şertler bar.