Aýdyň geljegimiziň kepili

30 Oktýabr 2024
282

Ýurdumyzda bilim ulgamynda gazanylýan özgertmeler halkymyzyň arzuw-islegini kanagatlandyryp, ýaş nesliň kalbyna belent maksatlara tarap badalga berýär. Çünki bilim geljegi nazarlaýan ýol, bu ugurda gazanylýan üstünlikler bolsa, biziň bagtyýarlygymyzyň gözbaşydyr. Munuň şeýledigine, hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyndaky: «Beýik işler bilime daýanýar, bilim bolsa terbiýe bilen geçmeli gymmatlykdyr» diýen sözleri hem aýdyň şaýatlyk edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bolsa ýaş nesillerimiziň gazanýan üstünlikleri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän işleriniň ajaýyp miwesi bolup, göwnümizi galkyndyrýar. Netijede, döwlet Baştutanymyzyň başda durmagynda üstünlikli alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan bilim we ylym ulgamynyň uly üstünliklere beslenýändigine şaýat bolýarys.

Bilim ulgamy — jemgyýetimiziň ösüşiniň kuwwatly güýji bolmak bilen, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýär. Şeýlelikde, bu ulgam Diýarymyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagynyň wajyp şerti bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, döwrümiziň ylmy-tehniki ösüşiniň gazananlaryna, bilimlere we innowasiýalara daýanyp, ýurdumyzda ylym-bilimi, medeniýeti ösdürmek, dünýäniň syýasy, ykdysady, ylmy-medeni giňişliginde Türkmenistanyň ornuny pugtalandyrmak babatda baý tejribe toplandy. Ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn nesli terbiýelemäge örän uly ähmiýet berlip, dünýäniň öňdebaryjy tejribelerinden ugur alyp, ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, ylym we döredijilik bilen meşgullanmagy ugrunda giň mümkinçilikler döredilýär. Bilim işi döwrebaplaşdyrylyp, milli maksatnamalardyr konsepsiýalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Çünki biziň ýurdumyzda bilim ulgamynyň esasy wezipeleriniň biri ýaşlar hakyndaky alada gönükdirilendir. Şu nukdaýnazardan-da, milli bilim ulgamyndaky öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde ökde hem zehinli, hünäri boýunça ýokary derejeli işgärleri taýýarlamak işine oýlanyşykly çemeleşilýär.

Sähragözel MÜRZÄÝEWA,
Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň direktory.
Beýleki habarlar