Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

«Zerur wagty dost kömegi — baharyň açylan güli»

Türkmen halkynda «Alysdaky garyndaşdan, ýakyndaky goňşy ýagşy», «Kyýamat güni goňşudan» diýen ýörgünli pähimler bar. Şu sözlere berk eýeren ata-babalarymyz hemişe il bilen bolmagy, birek-birege kömek etmegi, begenen gününde şatlygyny, dertli gününde derdini paýlaşmagy ýaşaýşyň ýörelgesi, mertebäniň mizan terezisi hasaplap gelipdirler. Halkymyzyň şeýle asylly ýörelgeleri bu günki gün döwlet syýasaty derejesinde has-da rowaçlanýar. Biz bu hakykata golaýda Gyrgyz Respublikasynyň energetika ulgamynda ýüze çykan ýagdaýlar nazara alnyp, hormatly Prezidentimiziň degişli Buýrugy esasynda 2 müň tonna suwuklandyrylan gazyň gyrgyz halkyna dost-doganlyk kömegi hökmünde iberilmeginiň mysalynda ýene bir ýola göz ýetirdik. Öz wagtynda ugradylan ynsanperwerlik ýüki gyrgyz topragyna baryp ýetenden soňra, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow bilen telefon arkaly söhbetdeş bolup, berlen goldaw üçin doganlyk halkyň adyndan tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi. 7-nji fewralda bolsa dostlukly ýurduň Türkmenistandaky ilçihanasynda şunuň bilen bagly brifing geçirildi.

Ekologiýa strategiýasy we «ýaşyl" ykdysadyýet

Häzirki döwür ençeme möhüm wezipeleri, düýpli meseleleri çözmekde täze usullary işläp taýýarlamagy talap edýär. Bu meseleleriň hatarynda ekologiýa howpsuzlygy ýaly ählumumy howpsuzlyk bilen bagly mesele hem bar. Olary ýöriteleşdirilen halkara guramalar we dünýä döwletleri bilen ýakyndan hyzmatdaşlykda çözmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Daşky gurşawy gorap saklamak, ekologiýa taýdan arassa şertleri üpjün etmek hem-de Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynda we Milli tokaý maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler giň gerime eýedir. Ýurduň abadançylygyna gönüden-göni täsir edýän möhüm ekologik meselelerini toplumlaýyn, ulgamlaýyn we ählitaraplaýyn çözmek, ýagny deňagramly ösüş ýörelgesi hormatly Prezidentimiziň durmuş-ykdysady strategiýasynyň esasyny düzýär. Milli Liderimiz ýurtda hem-de dünýäde “ýaşyl” we «akylly” ekoulgamy ösdürmekde garaýşymyzyň many-mazmunyny geçen ýylyň oktýabrynda Hytaýda geçirilen “Bir guşak, bir ýol” üçünji ýokary derejeli maslahatynda has düşnükli we anyk aýtdy: «Önümçilik işiniň we daşky gurşawy goramagyň arasynda deňagramlylygy gazanmak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan wezipeleriniň biri bolup durýar”. Şundan görnüşi ýaly, daşky gurşawyň howpsuzlygyny

Hoşniýetli gatnaşyklar berkidilýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzda häzirki döwürde dünýäniň köp döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýola goýlup, ýurdumyzy dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykarmaga gönükdirilen işlerde, alnyp barylýan içeri we daşary syýasatda uly üstünlikler gazanylýar. Daşary syýasat, munuň özi halkara giňişliginde döwletleriň özara gatnaşyklaryny düzgünleşdirmäge gönükdirilen syýasatdyr. Türkmenistan Garaşsyzlygyny alan ilkinji günlerinden başlap, halkara gatnaşyklarynda ykrar edilen binýatlyk ýörelgeleri bolan hoşniýetli goňşuçylyk, «Açyk gapylar» syýasaty esasynda ähli döwletler bilen hoşniýetli dostlukly, parahatçylykly gatnaşyklary ýola goýdy. Bu bolsa dünýäniň döwletleri bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da kämilleşdirmäge, ylym-bilim ulgamynda tejribeleri alyşmaga oňyn itergi berýär. Bitarap Türkmenistan halkara gatnaşyklar ulgamynda deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň aýdyň, açyk hem-de dostlukly ýörelgelerine gyşarnyksyz eýermek bilen, ygtybarly tarap hökmünde uly abraýa, ynama eýe boldy. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyga esaslanan daşary syýasy ýörelgeleri iş ýüzünde hil we mazmun taýdan baýlaşmak bilen bilelikde, sebitde howpsuzlygy hem-de durnuklylygy üpjün etmegiň, hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmagyň täsirli we netijeli guralynyň

Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde dürli ulgamlarda işjeň hyzmatdaşlyk edýär

GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew «MIR» teleýaýlymyna interwýusynda Arkalaşygyň giňişliginde integrasiýa taslamalarynda Türkmenistanyň eýeleýän orny barada gürrüň berdi — Men Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda eýeleýän orny, onuň integrasiýa taslamalaryna gatnaşmagy barada gürrüň bermek mümkinçiligine şatdyryn.

Ojaklara hem kalplara nur eçildi

Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunda ynsanperwer gatnaşyklara uly ähmiýet berilýär. Gyrgyz Respublikasynyň energetika ulgamynda ýüze çykan ýagdaýlary nazara alyp, hormatly Prezidentimiziň gol çeken degişli Buýrugyna laýyklykda, 2024-nji ýylyň fewral aýynda ynsanperwerlik kömegini ibermek maksady bilen, 2 müň tonna möçberdäki suwuklandyrylan gaz dost-doganlyk kömegi hökmünde bu ýurda iberildi. Bu dost-doganlyk kömegi gyrgyz topragynda çuňňur hoşallyk bilen kabul edildi. Kyn günde doganlyk goluny uzatmak we goldaw bermek döwletleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary, hoşniýetli goňşuçylygy berkitmegiň binýady hökmünde Türkmenistanda asylly däbe öwrüldi. Türkmen halkynyň nesilden-nesle geçirip gelýän bu asylly ýörelgeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň esasyny düzýär. Dostlukly döwlete ynsanperwerlik kömegi hökmünde iberilen suwuklandyrylan tebigy gaz ýüze çykan şu kynçylykly pursatlarda Gyrgyzystanyň Hökümetiniň gyrgyz halkynyň abadan durmuşyny üpjün etmek üçin edýän tagallalaryna türkmen halkynyň özboluşly goşandy bol

«Açyk gapylar» syýasatyna eýerip

Ýakynda Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygynyň orunbasary Hao Minsziniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanda iş saparynda boldy. Saparyň çäginde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen geçirilen duşuşykda Hao Minszin däp bolan gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belläp, parlamentara hyzmatdaşlygyň bu ugurda okgunly ösüşi gazanmaga itergi berýändigini nygtady. Bellenilişi ýaly, bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmakda Türkmen-hytaý hökümetara komitetine möhüm orun degişlidir. Strategik we uzak möhletleýin häsiýete eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli derejelerde netijeli ösdürilýändigi nygtaldy. Şunuň bilen birlikde, parlamentara we partiýalaryň arasyndaky gatnaşyklar işjeňleşdirilýär.

Brýussel forumy: üns merkezinde — Merkezi Aziýanyň ulag mümkinçilikleri

Golaýda «Global Gateway» başlangyjynyň çäginde durnukly ulag arabaglanyşygyny ösdürmek ýaly strategik mesele boýunça pikir alyşmak üçin Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň, «Uly ýediligiň» ýurtlarynyň, şeýle-de Kawkaz döwletleriniň, Türkiýäniň Hökümet, maliýe düzümleriniň, hususy pudaklarynyň wekilleri Brýussel şäherine ýygnandylar. «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» formatyndaky ulag dialogyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary B.Annaýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy. Ýewropa bilen Merkezi Aziýany birleşdirýän Hazarüsti ulag geçelgesini döwrebap, multimodal, netijeli ulag ugruna öwürmek forumyň gün tertibiniň esasy mowzugy boldy. Onuň çäginde geçirilen mejlisler ulagyň aýry-aýry görnüşleri, bu ugurda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleridir maýa goýum özüne çekijiligi ýaly möhüm meseleleri öz içine alyp, foruma gatnaşyjylar iki günüň dowamynda Merkezi Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda üstaşyr geçirmegiň wagtyny azaltmak, söwda amallaryny ýeňilleşdirmek, guryýer ulag infrastrukturasy, Türkmenistanyň ulag ulgamyna maýa goýumlary çekmegiň mümkinçilikleri, Hazar deňzi arkaly üstaşyr ulag aragatnaşygy, ulag ugurly işewürlik hyzmatdaşlygyny ösdürmek, bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak babatda ýakyndan pikir alşyp, toplanan tejribelerdir geljekki meýillere syn berdiler, täze teklipdir b

"Balkan" gämi gurluşyk Günorta Koreýanyň kompaniýasy bilen gämi gurup başlar

“Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň ýolbaşçylary bilen Günorta Koreýanyň “Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.» kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda geçirilen duşuşyk, 2024-nji ýylyň 29-njy ýanwary, Balkan welaýaty, Türkmenistan. “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçylary Günorta Koreýanyň “Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.» kompaniýasynyň wekilleri bilen 2024-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda duşuşyk geçirdiler. Duşuşygyň barşynda taraplar bilelikde gurulmagy meýilleşdirilýän gämiler boýunça oňyn netijeleri gazanjakdyklary we ýakyn wagtda gämi gurluşyk işleriniň başlanjakdygy barada aýtdylar.

Katar Döwleti Transowgan demir ýol taslamasynyň maslahatlaşmalaryna goşuldy

Daşkent şäherinde Özbegistanyň, Owganystanyň, Pakistanyň we Katar Döwletiniň ulag we demir ýol ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda dört taraplaýyn duşuşyk geçirildi. Sişenbe güni geçirilen duşuşykda Transowgan demir ýol taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça meselelere garaldy. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi Merkezi we Günorta Aziýa sebitleriniň ulag we söwda gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Dosta uzadylan gol ýürekleri birleşdirýär

Eždatlarymyzyň wesýet eden belent ynsanperwer ýörelgelerini we hoşniýetli hyzmatdaşlygy dowam etdirmek, umumadamzat gymmatlyklaryny sarpalamak bilen, türkmen halky kynçylyk çekýän halklara kömek goluny uzatmagy hemişe parz hem mertebe hasaplaýar. Bu düşünje Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mynasyp dowam etdirýän ynsanperwer syýasatynda-da aýdyň ýüze çykýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýakynda Gyrgyz Respublikasynyň energetika ulgamynda ýüze çykan ýagdaýlary nazara alyp, türkmen halkynyň adyndan gyrgyz halkyna ynsanperwer kömegi hökmünde suwuklandyrylan gaz ugratmak hakynda gol çeken Buýrugy bu hakykaty ýene bir gezek tassyklady. Bu ynsanperwer kömegiň gyrgyz ýurduna baryp gowuşmagy halkara habarlar giňişliginde giňden beýan edildi. Munuň özi diňe bir ynsanperwerligi esasy ýörelgeleriniň birine öwren gadymy halkyň däl, eýsem, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň hoşniýetli daşary syýasatynyň hem nobatdaky ykrarnamasy, halkara derejedäki şöhlelenmesidir.

Howanyň üýtgemegi: öňüni alyş we uýgunlaşma

Türkmen halky tebigat bilen sazlaşykly ýaşap, onuň köpdürlüligini aýawly saklamak bilen birlikde, ony ýaşaýşa ylham berýän çeşme hökmünde asyrlarboýy gorap gelipdir. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda daşky gurşawy goramakda, tebigy baýlyklardan tygşytly peýdalanyp, onuň durkuny has-da gözelleşdirmekde, adam saglygyny berkitmek babatda arassa howany üpjün etmekde, oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmakdyr ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak ugrunda netijeli döwrebap işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, bütin dünýäde döreýän ekologik meseleleriň biri bolan howanyň üýtgemegine garşy geçirilýän çärelere hem ýurdumyz işjeň goşulyşýar. Geçen ýylyň dekabrynda BAE-de geçirilen BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynda (COP28) döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny hem-de howa meselelerini çözmekde halkara guramalar, hyzmatdaş döwletler bilen işjeň hyzmatdaşlygy dowam etdirjekdigini beýan etmegi munuň nobatdaky subutnamasy boldy. 2012-nji ýylda kabul edilen Türkmenistanyň Howanyň üýtgemegi baradaky Milli strategiýasynyň maksady döwletimiziň durnukly ösüşini doly üpjün etmekden ybaratdyr. Ýurduň durnukly ösüşi bolsa, öz gezeginde, howanyň üýtgemeginiň mümkin bolan täsirlerini

Halkara hyzmatdaşlyk pugtalanýar

Ata Watanymyz Türkmenistan halkara giňişliginde birnäçe abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy saklaýar, esasanam, Birleşen Milletler Guramasynyň düzümine degişli bolan ÝUNESKO bilen gatnaşyk yzygiderli giňeldilýär. Ýakynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi geçirilip, onda geçen ýylda alyp baran işleriniň jemleri, şeýle hem 2024-nji ýylyň meýilnamasynda bellenilen wezipeler baradaky maglumatlar diňlenildi. Mejlisiň dowamynda BMG-niň bu ýöriteleşdirilen edarasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. 2024-2025-nji ýyllarda hyzmatdaşlygyň meýilnamasy, hususan-da, milli gymmatlyklarymyzy Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň abraýly sanawyna girizmek boýunça ýurdumyzyň öňe sürýän teklipleri bilen baglanyşykly wezipeler kesgitlenildi. Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň geçen ýyllardaky hyzmatdaşlygynyň dowamynda ýurdumyzda bu guramanyň maksatlaryny durmuşa geçirmekde, şeýle hem medeni, bilim we ylym kuwwatyny artdyrmakda uly üstünlikleriň gazanylýandygyny bellemek bolar. Munuň özi, aýratyn-da, Türkmenistanyň maddy we maddy däl medeni mirasynyň halkara derejede ykrar edilýändigini görkezýär. Şeýle-de geçen ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen ÝUNESKO-nyň Maglumat tehnologiýalary institutynyň arasynda 2024-2025-nji

Dosta hemaýat ýagşy

Pederlerimizden miras bolan ynsanperwerlik, hoşniýetlilik ýörelgelerine hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda täze taryhy döwürde döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýär. Dünýä döwletleri bilen dürli ugurlarda hoşniýetli, parahatçylyk söýüjilikli hyzmatdaşlygy ýola goýýan Bitarap Türkmenistan döwletimiz ýakyn hem alys ýurtlaryň halklaryna kyn gününde doganlyk goluny uzatmagy, hemaýat bermegi daşary syýasy strategiýasynyň esasy ugry hökmünde kesgitleýär. Gyrgyz Respublikasynyň energetika ulgamynda ýüze çykan ýagdaýlary nazara alyp, hormatly Prezidentimiziň gol çeken degişli Buýrugyna laýyklykda, ynsanperwerlik kömegini bermek maksady bilen, 2 müň tonna möçberindäki suwuklandyrylan gazyň bu ýurda dost-doganlyk kömegi hökmünde iberilmegi türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan ynsanperwer daşary syýasatyň mynasyp dowam etdirilýändigini alamatlandyrdy.

Berkarar döwletiň ulag diplomatiýasy

Täze taryhy döwürde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda barha rowaçlanýan berkarar döwletimiziň ulag diplomatiýasy dünýä döwletleriň jebisligini we ählumumy abadançylygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Bu hakykat soňky on ýylyň dowamynda dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly goldawa we belent ykrara eýe bolan Garaşsyz Türkmenistan tarapyndan bu ugurda öňe sürlen milli başlangyçlaryň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen ençeme Kararnamalaryň mysalynda hem äşgär görünýär. «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny», «Durnukly köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleriň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegi ugrunda», «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek», «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamalaryň türkmen tarapynyň öňe süren başlangyçlary esasynda kabul edilmegi halkara hyzmatdaşlygyň bu ugruny ösdürmek babatda dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny we mümkinçiliklerini birleşdir

Ynsanperwer gatnaşyklar rowaçlanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelýän ynsanperwer ýörelgeleri rowaçlanyp, hoşniýetli gatnaşyklarda, özara bähbitli hyzmatdaşlykda öz beýanyny tapýar. Bu asylly ýörelgeler ýurdumyzyň ýöredýän döwlet syýasatynda hem mynasyp orun tutýar. Döwletimiziň bitaraplygy dünýä halklary bilen dostlukly we ysnyşykly gatnaşyklary ösdürmek baradaky ýörelgeden ugur alýar. Muny türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda döwletimiziň häzirki döwürde dünýä derejesinde alyp barýan ynsanperwer işleri hem subut edýär. Bu işleriň dünýäde parahatçylygyň, asudalygyň üpjün edilmeginiň, ýurtlaryň durnukly ösüşiniň, halklaryň abadan ýaşaýşynyň hatyrasyna gönükdirilmegi olaryň ähmiýetini has-da artdyrýar. Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli gatnaşyklaryndan we ynsanperwer däp-dessurlaryndan ugur alyp hem-de Gyrgyz Respublikasynyň energetika ulgamynda ýüze çykan ýagdaýlary nazara alyp, hormatly Prezidentimiziň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, türkmen halkynyň adyndan gyrgyz halkyna ynsanperwerlik kömegini ibermek maksady bilen, 2000 tonna möçberdäki suwuklandyrylan gazyň doganlyk ýurda iberilmegi asyrlaryň jümmüşinden gelýän asylly ýörelgelerimiziň, ajaýyp däp-dessurlarymyzyň täze taryhy döwürde barha dabaralanýandygyny ýene bir gezek görk

Dosta - dogan, dünýä - dost

Garaşsyzlyk ýyllary içinde berkarar döwletimiz daşary syýasatda goňşy halklar bilen doganlyk, dünýä döwletleri bilen dostluk gatnaşyklaryny ýola goýdy. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda oňyn daşary syýasat üstünlikli durmuşa geçirilip, guwandyryjy netijelerini berýär.  Türkmen diplomatiýasy ýurtlaryň we halklaryň arasynda däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň, giň ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljekde-de hemmetaraplaýyn ösdürilmegine ýardam berýär. Şonuň netijesinde-de, Türkmenistan gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen deňhukuklylyk, özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda ösdürilýän gatnaşyklara ygrarly bolup, bar bolan mümkinçilikler esasynda netijeli hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde has-da giňeldýär.

Demirgazyk-Günorta: Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny infrastruktura sanawyna goşmak meýilleşdirilýär

Demirgazyk – Günorta halkara ulag geçelgesi üçin ulag-logistika merkezleriniň sanly sanawy döredilýär we oňa Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň infrastrukturasy barada maglumaty girizmek meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar bermegine görä, bu barada şu ýylyň ýanwar aýynyň ahyrynda Moskwada geçirilen GDA-nyň ulag işewürlik dialogynyň ikinji mejlisinde mälim edilýär. Bu sanaw Demirgazyk-Günorta geçelgesi boýunça logistika ugurlaryny we ýük akymlaryny netijeli kemala getirmäge şert döreder.

Türkmenistan we Özbegistan awtoulag arkaly ýük daşaýjylar üçin wiza düzgünlerini ýeňilleşdirmek meselelerini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň, “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň, Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri Özbegistanyň Daşary işler we Ulag ministrlikleriniň wekilleri bilen sanly ulgam arkaly gepleşikleri geçirdiler. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki döwletiň awtoulag arkaly halkara ýük daşaýjylaryna wiza düzgünlerini ýeňilleşdirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada “Türkmenawtoulaglary” agentligi habar berýär.

Türkmenistan — «Airbus» kompaniýasy: kosmos ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy H.Hudaýgulyýewiň hem-de wekilleri Fransiýa Respublikasynyň «Airbus» kompaniýasynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça wise-prezidenti Žak Garrigeniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda taraplar kosmos ugry boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu ýerde «Airbus» kompaniýasy Türkmenistana Ýeriň üstüne uzak aralykdan gözegçilik etmek hem-de surata düşürmek hyzmatyny hödürledi. Munuň özi dürli ugurlar, şol sanda kosmos ulgamynyň işine tehnologiýalaryň iň kämil nusgalaryny ornaşdyrmak boýunça ähmiýetli işleri durmuşa geçirmekde netijeli işleri durmuşa geçirýän Türkmenistanyň mümkinçiliklerine berilýän ýokary bahanyň nyşanydyr.

Türkmenistanyň “Dialog — parahatçylygyň kepili” başlangyjy halkara derejede uly ähmiýete eýedir

2023-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilen «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara forumyň Jemleýji resminamasy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde BMG-niň alty resmi dilinde çap edildi we ýaýradyldy. Resminama Baş Assambleýanyň mejlisiniň gün tertibiniň «Parahatçylyk medeniýeti», «Dünýä gurluşy we parahatçylygy goldamak», «Merkezi Aziýada parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly bölümleri boýunça çap edildi. Parahatçylyk söýüjilik we oňyn Bitaraplyk hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döredijilikli daşary syýasat strategiýasynyň binýadyny düzýär. Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 28 ýyllygyna gabatlanan bu forum döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen geçirildi. Utgaşykly görnüşde guralan möhüm çäre ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän anyk teklipleri öňe sürýän Watanymyzyň bu başlangyçlary iş ýüzünde durmuşa geçirmekde yzygiderli ädimleri ädýändigini nobatdaky gezek tassyklady.