Eždatlarymyzyň wesýet eden belent ynsanperwer ýörelgelerini we hoşniýetli hyzmatdaşlygy dowam etdirmek, umumadamzat gymmatlyklaryny sarpalamak bilen, türkmen halky kynçylyk çekýän halklara kömek goluny uzatmagy hemişe parz hem mertebe hasaplaýar. Bu düşünje Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mynasyp dowam etdirýän ynsanperwer syýasatynda-da aýdyň ýüze çykýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýakynda Gyrgyz Respublikasynyň energetika ulgamynda ýüze çykan ýagdaýlary nazara alyp, türkmen halkynyň adyndan gyrgyz halkyna ynsanperwer kömegi hökmünde suwuklandyrylan gaz ugratmak hakynda gol çeken Buýrugy bu hakykaty ýene bir gezek tassyklady. Bu ynsanperwer kömegiň gyrgyz ýurduna baryp gowuşmagy halkara habarlar giňişliginde giňden beýan edildi. Munuň özi diňe bir ynsanperwerligi esasy ýörelgeleriniň birine öwren gadymy halkyň däl, eýsem, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň hoşniýetli daşary syýasatynyň hem nobatdaky ykrarnamasy, halkara derejedäki şöhlelenmesidir.