Dosta hemaýat ýagşy

7 Fewral 2024
892

Pederlerimizden miras bolan ynsanperwerlik, hoşniýetlilik ýörelgelerine hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda täze taryhy döwürde döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýär. Dünýä döwletleri bilen dürli ugurlarda hoşniýetli, parahatçylyk söýüjilikli hyzmatdaşlygy ýola goýýan Bitarap Türkmenistan döwletimiz ýakyn hem alys ýurtlaryň halklaryna kyn gününde doganlyk goluny uzatmagy, hemaýat bermegi daşary syýasy strategiýasynyň esasy ugry hökmünde kesgitleýär.

Gyrgyz Respublikasynyň energetika ulgamynda ýüze çykan ýagdaýlary nazara alyp, hormatly Prezidentimiziň gol çeken degişli Buýrugyna laýyklykda, ynsanperwerlik kömegini bermek maksady bilen, 2 müň tonna möçberindäki suwuklandyrylan gazyň bu ýurda dost-doganlyk kömegi hökmünde iberilmegi türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan ynsanperwer daşary syýasatyň mynasyp dowam etdirilýändigini alamatlandyrdy.

«Daşoguz habarlary».
Beýleki habarlar