Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzda häzirki döwürde dünýäniň köp döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýola goýlup, ýurdumyzy dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykarmaga gönükdirilen işlerde, alnyp barylýan içeri we daşary syýasatda uly üstünlikler gazanylýar.
Daşary syýasat, munuň özi halkara giňişliginde döwletleriň özara gatnaşyklaryny düzgünleşdirmäge gönükdirilen syýasatdyr. Türkmenistan Garaşsyzlygyny alan ilkinji günlerinden başlap, halkara gatnaşyklarynda ykrar edilen binýatlyk ýörelgeleri bolan hoşniýetli goňşuçylyk, «Açyk gapylar» syýasaty esasynda ähli döwletler bilen hoşniýetli dostlukly, parahatçylykly gatnaşyklary ýola goýdy. Bu bolsa dünýäniň döwletleri bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da kämilleşdirmäge, ylym-bilim ulgamynda tejribeleri alyşmaga oňyn itergi berýär. Bitarap Türkmenistan halkara gatnaşyklar ulgamynda deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň aýdyň, açyk hem-de dostlukly ýörelgelerine gyşarnyksyz eýermek bilen, ygtybarly tarap hökmünde uly abraýa, ynama eýe boldy. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyga esaslanan daşary syýasy ýörelgeleri iş ýüzünde hil we mazmun taýdan baýlaşmak bilen bilelikde, sebitde howpsuzlygy hem-de durnuklylygy üpjün etmegiň, hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmagyň täsirli we netijeli guralynyň binýatlyk esaslary bolup hyzmat edýär.