Dosta - dogan, dünýä - dost

7 Fewral 2024
1000

Garaşsyzlyk ýyllary içinde berkarar döwletimiz daşary syýasatda goňşy halklar bilen doganlyk, dünýä döwletleri bilen dostluk gatnaşyklaryny ýola goýdy. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda oňyn daşary syýasat üstünlikli durmuşa geçirilip, guwandyryjy netijelerini berýär. 

Türkmen diplomatiýasy ýurtlaryň we halklaryň arasynda däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň, giň ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljekde-de hemmetaraplaýyn ösdürilmegine ýardam berýär. Şonuň netijesinde-de, Türkmenistan gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen deňhukuklylyk, özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda ösdürilýän gatnaşyklara ygrarly bolup, bar bolan mümkinçilikler esasynda netijeli hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde has-da giňeldýär.

Jemal NURYÝEWA,
«Diýar».
Beýleki habarlar