Täze taryhy döwürde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda barha rowaçlanýan berkarar döwletimiziň ulag diplomatiýasy dünýä döwletleriň jebisligini we ählumumy abadançylygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Bu hakykat soňky on ýylyň dowamynda dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly goldawa we belent ykrara eýe bolan Garaşsyz Türkmenistan tarapyndan bu ugurda öňe sürlen milli başlangyçlaryň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen ençeme Kararnamalaryň mysalynda hem äşgär görünýär.
«Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny», «Durnukly köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleriň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegi ugrunda», «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek», «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamalaryň türkmen tarapynyň öňe süren başlangyçlary esasynda kabul edilmegi halkara hyzmatdaşlygyň bu ugruny ösdürmek babatda dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny we mümkinçiliklerini birleşdirmekde binýady berkarar döwletimiziň möhüm orun eýeleýändigini alamatlandyrýar. Geçen ýylyň maý aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde 26-njy noýabryň «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan edilmegi we bu dogrusynda ýörite Kararnamanyň kabul edilmegi hem sözümiziň nobatdaky subutnamasydyr. Bilşimiz ýaly, 2016-njy ýylyň 26-njy noýabrynda Aşgabatda BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahaty geçirilipdi. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bu senäniň ýurdumyzyň çäginde we halkara derejede ilkinji gezek dabaralandyrylmagy bagtyýar raýatlarymyzyň buýsançly kalplaryny belent joşguna besledi.