Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Tapmaçalar

Saryja hem naşyja Özi örän eýjejik.Ylgap ketekden çykdyGaragolja jüý... Tylladan lybas geýip,Lowurdady Gün ýalak.Suwdan owsunyp çykdyOwadan tylla bal...

Üç öwüt

Bir dana adam ogluna şu üç sany öwüdi mydama ýerine ýetirmegi maslahat beripdir. Olaryň birinjisi hemişe iň gowy iýmiti iýmekden, ikinjisi, iň gowy düşekde ýatmakdan, üçünjisi bolsa, iň gowy jaýda ýaşamakdan ybarat bolupdyr. Şonda ogly kakasyna: — Kaka, zadyň iň gowularyny edinmek üçin biz beýle bir baý hem däl ahyry. Bulara biziň harajatymyz ýetermikä? Men siziň beren bu öwütleriňizi nädip ýerine ýetirerkäm — diýen sowallary beripdir. Şonda ýaşuly dana:

Magtymguly pelsepe äleminiň bakylyk çyragy

Magtymgulynyň döredijiligi öz halkynyň gündelik durmuşy, arzuw-hyýallary bilen baglanyşyklydyr. Akyldar şahyr parasatly sözi bilen halky, Watany söýmäge we oňa hyzmat etmäge çagyrypdyr. Gahryman Arkadagymyz: “Mähriban türkmen topragymyzyň hakyky watançysy, joşgunly we şirin zybanly Magtymguly Pyragynyň şygyr diwanlary nesillerde watansöýüjiligi, ynsanperwerligi terbiýelemekde gymmatly ruhy çeşmedir” diýip belleýär. Watan türkmen üçin ähli zatdan gymmatdyr, ezizdir, mukaddesdir. Türkmen halky mukaddes hasaplaýan zatlaryny ezizleýär. Watansöýüjilik häsiýeti perzentlere sallançakda ene hüwdüsi bilen berlip başlanýar. Şonuň üçin bu duýgy milletimiziň aňyna ornapdyr. Bu mukaddeslik Magtymgulynyň döredijiliginde möhüm orny eýeläpdir. Akyldar şahyrymyzyň baryp XVIII asyrda aýdan nesihatlary, öwüt-ündewleri bu gün ýaşlarymyzyň durmuş mekdebine öwrüldi. Şahyryň goşgularyny nesillerden-nesillere geçirmek biziň ählimiziň mukaddes borjumyzdyr. Onuň döredijiligi döwrüň islendik wagtynda hem gymmatyny saklaýan, sarpasyny artdyrýan, akyly-aňy ösdürýän we özgerdýän, ynsan duýgusyny heýjana salýan sungatdyr. Şahyryň agzybirlige, edep-ekrama, ahlak arassalygyna ýugrulan döredijiligi milliligi ör-boýuna galdyrýar.

Egsilmez ruhy hazyna

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde milli şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny çuňňur öwrenmek, halka ýetirmek, dürli dillere terjime etmek hem-de bütin dünýäde giňden dabaralandyrmak boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Magtymguly atamyzyň şygryýeti häzirki zaman türkmen pedagogikasynyň aýrylmaz bir bölegine öwrülip, islendik dersde hem biz — mugallymlaryň ilkinji gollanmalarymyzyň biridir. Beýik akyldaryň ölmez-ýitmez goşgularyndaky pelsepewi pikirler, parasatly garaýyşlar ylmyň dürli ugurlarynyň nukdaýnazaryndan içgin seljerilip, ýaş nesillerimize kämil bilim-terbiýe bermekde örän uly ähmiýete eýedir. Şonuň üçin hem Magtymguly atamyzyň goşgular kitaby islendik dersden sapak berýän bilim işgäriniň hemişelik hemrasydyr.

Şygryýetdäki ilkinji ädimler

DÜNÝÄNIŇ AKYLDARY Magtymguly Pyragy —Dünýäniň akyldary.Ýazyp şygyr-bossanyn,Gezdi Eýran, Yragy.

Ýeňiji (Hekaýa)

Serdar taryh dersini aýratyn gowy görýärdi. Ol bu ugur bilen bagly kitaplary ürç edip okaýardy. Her sapakda mugallymy bilen Türkmenistanyň taryhy, dünýä taryhy barada söhbet edip, pikir-garaýyşlaryny paýlaşardy, täze maglumatlar öwrenerdi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň dabaralanýan günlerinde geçiriljek dersara olimpiada baradaky habar oglanjygyň geljekki ýeňişleriniň buşlukçysy boldy. Geçen ýyllarda 2-nji, 3-nji orunlara mynasyp bolan yhlasly oglanjyk indi bu ýylky ders bäsleşiginde 1-nji orna ymtylýardy. «Bäsleşik geçiriljekmişin» diýen habardan soň-a Serdary öýünden gözläbem tapyp bolmady. Eger-de Serdaryň gerekligi çyn bolsa, onda haýal etmän mekdep kitaphanasynyň okalga zalyna baraýmalydy.

Ylma ulaşan ykbal

(Dokumental oçerk) Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar ― Watanyň daýanjy» diýen kitabynda ýaşlary adamkärçilikli, mert, watançy edip ýetişdirmekde ýurdumyzyň belli şahsyýetleriniň mysalynda terbiýelemegi ündeýär. Watanymyzyň, döwletimiziň ösüşine uly goşant goşan belli şahsyýetleriň biri hem Myrat Garryýewdir. Onuň terjimehaly nusgalyk. Myrat aga belli alym, farmasewtika ylymlarynyň doktory, professor, Türkmenistanyň ylymda we tehnikada at gazanan işgäri, belli döwlet we jemgyýetçilik işgäri, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy.

Magtymguly — geçmişimiz, şu günümiz, ertämiz

Magtymguly Pyragynyň şygyrlary indi üç asyr bäri türkmen halkynyň hakydasynda ýaşap gelýär. Şahyryň hormatyna ençe ýurtlarda onuň goşgulary neşir edildi, ýadygärlik heýkelleri dikildi. Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyjy esasynda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, şu ýylyň 17-nji maýynda Köpetdagyň eteginde akyldar şahyryň belent heýkeli, şeýle-de onuň adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumy döredildi. Bu toplumyň çäginde dünýä edebiýatynyň görnükli wekilleriniň heýkelleriniň 24-siniň oturdylmagy bolsa, akyldaryň eserlerinde beýan edilen dost-doganlygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň dabaralanýandygyny subut edýär. Beýik şahyryň hormatyna Magtymguly adyndaky halkara baýragy, «Magtymguly Pyragy» medaly, «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly,

«Hakyda göwheriň» bilen, Arkadag!

Asylzada, akylzada, umman kibi zehinli, pähimli-paýhasly, öňdengörüji, gurujy, dörediji ynsanlar başgaça bolýar. Olaryň her ädiminde, her deminde Watan bar, halk bar, ynsan aladasy bar. Gahryman Arkadagymyzyň mysalynda muňa göz ýetire-ýetire gelýändiris. Çünki hemişe il-gün hakda oýlara çümüp, akyl deňzinde ýüzüp, her setiri, her jümlesi, her sözi gyzyla gaplaýmaly eserleri döredýär, bize serpaý ýapýar. Mähriban Arkadagymyzyň artykmaçlyk alýan ýeri juda kändir. Dürler hazynasy kitaba goýýan sarpasynyň, gadyr-gymmatynyň diýseň ýokarylygy nämä degmeýär?! Öz döredýän ajaýyp eserleri bolsa bize ýol-ýörelgedir. Dana Dünýäň ýüpek ýüreginden gaýdýan guwançly, buýsançly setirler, owazly sözler ýyllaryň ýaňlanýan aýdymyna, mukamyna öwrülýär.

Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde şygyr bentleriniň kapyýalaşyşy

Gündogaryň beýik akyldary, türkmen halkynyň görnükli şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaraly bellenilip geçilýän günlerinde Gahryman Arkadagymyzyň milli mirasymyza, gymmatly edebi çeşmelerimize bagyşlap döreden «Hakyda göwheri» diýen kitabynyň halkymyza gowuşmagy akyldaryň ömrüni, döredijiligini öwrenmek işleriniň giň gerimde alnyp barylýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy. Milli Liderimiziň ýiti zehininden çykan bu ajaýyp kitap akyldar şahyrymyzyň ýubileý toýuna nobatdaky sowgady bolup, eser edebi hem taryhy nukdaýnazardan gymmatly gollanmadyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli mirasymyza, medeniýetimize, taryhymyza, edebiýatymyza degişli döreden gymmatly kitaplarynyň yzygiderli çap edilip durulmagy şeýle medeniýeti, edebiýaty miras goýan pederlerimiziň nesilleri hökmünde bizde milli buýsanjy kemala getirýär. Halkara derejesinde alnyp barylýan bu asylly işler edebiýatymyzyň ösmegine, kämil eserler bilen baýlaşmagyna goşant goşan şahyrlarymyzyň, ýazyjylarymyzyň döredijiligini içgin öwrenmäge ruhlandyrýar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi giň umman deýin ondan islendik meseläniň dogry çözgüdini tapmak bolýar. Ol goşgularyny şygyr düzüliş kadalaryna laýyk getirip, pikiri gysby, çuň manyly bermegiň ussatlyk bilen hötdesinden gelipdir. Şygryň esasy alamatlary bolan bent, kapyýa, ritm ýaly ölçegleriň ýerli-ýeri

Poeziýa

ÝAŞLYGA Gün bermeýär, azar berýär duýgulam,Özüme «Hoş» diýäýesim gelip dur.Çak bolandyr, bolsam näçe duýguram,Gyzarypdyr elwan şapak, öçüp nur.

Akyldar şahyryň eserleri — terbiýe mekdebi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen türkmen nusgawy edebiýatynyň ägirdi Magtymguly Pyragynyň sarpasy belent tutulýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän medeniýet diplomatiýasy üstünliklere beslenýär. Bu gün türkmeniň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň halkara derejesinde ebedileşdirilmegi, eserleriniň dürli dillere terjime edilmegi parasatly pikirleriň, ynsanperwer garaýyşlaryň, gymmatly pelsepeleriň ýalkym saçýandygyny görkezýär. Akyldar şahyr Magtymguly Pyragy adamlary ruhy we ahlak taýdan bitewüleşdirýän terbiýe mekdebini döretdi. Şahyryň bir bitewi döwlet bolup ýaşamak barada köňülde beslän arzuwlary biziň bagtyýar günlerimiziň hakykatydyr. Türkmeniň genji-hazynasy bolan Magtymgulynyň şygyrlary hemişe akyl gämisi bolup hyzmat edýär. Ol şygyrlar biz üçin asylly terbiýäniň çeşmesi bolup, görelde mekdebine öwrüldi, çünki şahyryň umman paýhasynyň, baý edebi mirasynyň agramly bölegini ynsanperwerlik, durmuşy meseleler, ahlak we terbiýeçilik bilen bagly öwüt-ündewler tutýar. Hut şonuň üçin beýik akyldaryň parasatly hem-de dana sözleri nakyllara, atalar sözlerine öwrülip, il arasynda bu güne çenli dilden düşmän gelýär.

Kitap — ruhy hazyna

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ýurdumyzda kitap, neşirýat, kitaphana işleri döwrebap ösdürilýär. Şeýle bolansoň, ýaşlaryň, talyplaryň arasynda kitaba bolan söýgi, hormat barha artýar. Aslynda, ata-babalarymyz hem pähim-paýhasyň çeşmesi bolan kitaba hormat bilen garapdyrlar. Taryhyň islendik döwründe-de kitaplary döredýän dana adamlar il arasynda uly hormatdan peýdalanypdyrlar. Il-ýurt bähbitli maslahatlarda, toý-tomaşalarda şol parasatly adamlaryň orny mydama törde bolupdyr.

Halallyk hakynda

«7/24.tm»: №49 (236) 02.12.2024 Ha­lal­lyk ha­kyn­da gür­rüň edi­le­n­de, bu mu­kad­des dü­şün­jä­niň dün­ýä halk­la­ry­nyň her bi­ri­niň köň­lün­de üzül­mez-mi­ze­mez kök uran­dy­gy­ny ynam bi­len aýt­mak bo­lar. Di­ňe her bir halk bu mu­kad­des dü­şün­jä­ni aň­lat­mak­da, wa­gyz et­mek­de öz ýa­şa­ýan jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şy­nyň, te­bi­gy şert­le­ri­niň öz­bo­luş­ly­lyk­la­ryn­dan peý­da­lan­ýar.

Äh­li dö­wür­le­riň şa­hy­ry

«7/24.tm»: №49 (236) 02.12.2024 Üs­tü­miz­dä­ki do­wam ed­ýän ýy­ly­my­zyň «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly diý­lip at­lan­dy­ryl­ma­gy, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň türk­me­niň be­ýik akyl­da­ry, şa­hyr Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­ny hor­mat­lap dö­re­den şy­g­ry­nyň ýy­lyň şy­ga­ry­na öw­rül­me­gi di­ňe bir bi­ziň ýur­du­myz­da däl, goň­şy döw­let­ler­de, dün­ýä­niň köp ýurt­la­ryn­da uly gol­da­wa eýe bol­dy. Umu­ma­dam­zat gym­mat­lyk­la­ry­na sal­dam­ly go­şant go­şan Mag­tym­gu­ly ata­my­zyň giň um­ma­na de­ňel­ýän köp­ta­rap­ly dö­re­di­ji­li­gi is­len­dik ada­my, is­len­dik oky­jy­ny özü­ne çek­ýär. Şa­hy­ryň dö­re­di­ji­li­gi­ne de­giş­li bo­lan goş­gu­la­ry okap ma­ny­sy­na dü­şün­mek­çi bo­la­nyň­da ýe­ke­je se­ti­riň hem uly bir ma­na eýe bo­lup, bu ma­ny­nyň aňyr­syn­da uly bir ro­wa­ýa­tyň ýa­tan­dy­gy­na köp ge­zek göz ýe­tir­ýär­siň. Uly bir ro­wa­ýa­ty bir ýa-da iki se­ti­re, ben­de ýer­leş­di­rip, ma­ny ber­dir­me­gi ba­şar­mak us­sat­lyk­dan ny­şan ha­sap­lan­ýar.

«Dog­dy as­ma­nyň zöh­re­si»

«7/24.tm»: №49 (236) 02.12.2024 Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­li­gi­niň dün­ýä do­lan şöh­ra­ty­ny has-da beý­gelt­mek we ony giň­den wa­gyz et­mek, bu ugur­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyny pug­ta­lan­dyr­mak bo­ýun­ça ýur­du­myz­da giň ge­rim­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.

De­ňiz­de dö­rän dost­luk

«7/24.tm»: №49 (236) 02.12.2024 Ýü­re­gi her pur­sat­da Wa­tan di­ýip urup du­ran goç ýi­git üçin tol­kun­la­ry bi­len tans ed­ýän joş­gun­ly deň­ziň goý­nun­da Wa­tan öňün­dä­ki mu­kad­des har­by bor­ju­ňy ýe­ri­ne ýe­tir­me­giň lez­ze­ti düý­bün­den baş­ga­ça. Şeý­le gün­le­riň her bi­ri­niň tu­tuş ömür­lik ma­ny­sy bar. Şol gü­nem şeý­le gün­le­riň bi­ri bo­lup­dy...

Iş­däa­çar (hekaýa)

«7/24.tm»: №49 (236) 02.12.2024 Do­ga­nym öý iş­le­ri­ne diý­seň ök­de. Ol tüýs öý bi­ke­si di­ýil­ýä­ni. Aras­sa­çy­lyk iş­le­ri diý­jek­mi, mal-ga­ra­la­ra se­ret­mek diý­jek­mi, biş-düş diý­jek­mi, ga­raz, eli­ni de­gi­ren ýe­rin­de gül bi­tir­ýär. Iň esa­sy aý­ra­tyn­ly­gam şeý­le­bir iş­däa­çar­lar taý­ýar­la­ýar we­lin, iýip do­ýup bo­la­nok. Do­ga­ny­myň bu meş­hur­ly­gy oba ýaý­ra­dy. Şeý­dip oba adam­la­ry toý-to­ma­şa­lar­da bi­ze iş­däa­çar taý­ýar­la­dar­dy­lar. Men hem do­ga­ny­myň iň ýa­kyn kö­mek­çi­si­dim

Duýguly dünýä

GOŞGY BOLARYN... Men bir goşgy bolaryn,Ýadyňa düşer durar.Her gün ömrüň sahabnaBir setir goşar durar.

Ýürek bilen ikiçäk (Oýlanma)

Dogrusy, ilki ony tanamadym. Uzak wagtlap biri-birimiziň ýüzümize seredemizsoň, ilkinji soragyň agzymdan nädip çykandygyny-da bilmedim. Soň aramyzda kiçeňräk gürrüňdeşlik boldy. — Salam. Siz bilen tanyşlyk açsag-a kem bolmazdy?