«Hakyda göwheriň» bilen, Arkadag!

2 Dekabr 2024
271

Asylzada, akylzada, umman kibi zehinli, pähimli-paýhasly, öňdengörüji, gurujy, dörediji ynsanlar başgaça bolýar. Olaryň her ädiminde, her deminde Watan bar, halk bar, ynsan aladasy bar. Gahryman Arkadagymyzyň mysalynda muňa göz ýetire-ýetire gelýändiris. Çünki hemişe il-gün hakda oýlara çümüp, akyl deňzinde ýüzüp, her setiri, her jümlesi, her sözi gyzyla gaplaýmaly eserleri döredýär, bize serpaý ýapýar.

Mähriban Arkadagymyzyň artykmaçlyk alýan ýeri juda kändir. Dürler hazynasy kitaba goýýan sarpasynyň, gadyr-gymmatynyň diýseň ýokarylygy nämä degmeýär?! Öz döredýän ajaýyp eserleri bolsa bize ýol-ýörelgedir. Dana Dünýäň ýüpek ýüreginden gaýdýan guwançly, buýsançly setirler, owazly sözler ýyllaryň ýaňlanýan aýdymyna, mukamyna öwrülýär.

Gözel ŞAGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Gahrymany.
Beýleki habarlar