Egsilmez ruhy hazyna

2 Dekabr 2024
223

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde milli şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny çuňňur öwrenmek, halka ýetirmek, dürli dillere terjime etmek hem-de bütin dünýäde giňden dabaralandyrmak boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Magtymguly atamyzyň şygryýeti häzirki zaman türkmen pedagogikasynyň aýrylmaz bir bölegine öwrülip, islendik dersde hem biz — mugallymlaryň ilkinji gollanmalarymyzyň biridir.

Beýik akyldaryň ölmez-ýitmez goşgularyndaky pelsepewi pikirler, parasatly garaýyşlar ylmyň dürli ugurlarynyň nukdaýnazaryndan içgin seljerilip, ýaş nesillerimize kämil bilim-terbiýe bermekde örän uly ähmiýete eýedir. Şonuň üçin hem Magtymguly atamyzyň goşgular kitaby islendik dersden sapak berýän bilim işgäriniň hemişelik hemrasydyr.

Meretgül BEGDURDYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki Ata Gowşudow adyndaky 125-nji orta mekdebiň ýokary derejeli himiýa mugallymy.
Beýleki habarlar