Akyldar şahyryň eserleri — terbiýe mekdebi

1 Dekabr 2024
326

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen türkmen nusgawy edebiýatynyň ägirdi Magtymguly Pyragynyň sarpasy belent tutulýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän medeniýet diplomatiýasy üstünliklere beslenýär. Bu gün türkmeniň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň halkara derejesinde ebedileşdirilmegi, eserleriniň dürli dillere terjime edilmegi parasatly pikirleriň, ynsanperwer garaýyşlaryň, gymmatly pelsepeleriň ýalkym saçýandygyny görkezýär.

Akyldar şahyr Magtymguly Pyragy adamlary ruhy we ahlak taýdan bitewüleşdirýän terbiýe mekdebini döretdi. Şahyryň bir bitewi döwlet bolup ýaşamak barada köňülde beslän arzuwlary biziň bagtyýar günlerimiziň hakykatydyr. Türkmeniň genji-hazynasy bolan Magtymgulynyň şygyrlary hemişe akyl gämisi bolup hyzmat edýär. Ol şygyrlar biz üçin asylly terbiýäniň çeşmesi bolup, görelde mekdebine öwrüldi, çünki şahyryň umman paýhasynyň, baý edebi mirasynyň agramly bölegini ynsanperwerlik, durmuşy meseleler, ahlak we terbiýeçilik bilen bagly öwüt-ündewler tutýar. Hut şonuň üçin beýik akyldaryň parasatly hem-de dana sözleri nakyllara, atalar sözlerine öwrülip, il arasynda bu güne çenli dilden düşmän gelýär.

Bahar BEKMYRADOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kafedra müdiri.
Beýleki habarlar