Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde şygyr bentleriniň kapyýalaşyşy

1 Dekabr 2024
81

Gündogaryň beýik akyldary, türkmen halkynyň görnükli şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaraly bellenilip geçilýän günlerinde Gahryman Arkadagymyzyň milli mirasymyza, gymmatly edebi çeşmelerimize bagyşlap döreden «Hakyda göwheri» diýen kitabynyň halkymyza gowuşmagy akyldaryň ömrüni, döredijiligini öwrenmek işleriniň giň gerimde alnyp barylýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy. Milli Liderimiziň ýiti zehininden çykan bu ajaýyp kitap akyldar şahyrymyzyň ýubileý toýuna nobatdaky sowgady bolup, eser edebi hem taryhy nukdaýnazardan gymmatly gollanmadyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli mirasymyza, medeniýetimize, taryhymyza, edebiýatymyza degişli döreden gymmatly kitaplarynyň yzygiderli çap edilip durulmagy şeýle medeniýeti, edebiýaty miras goýan pederlerimiziň nesilleri hökmünde bizde milli buýsanjy kemala getirýär. Halkara derejesinde alnyp barylýan bu asylly işler edebiýatymyzyň ösmegine, kämil eserler bilen baýlaşmagyna goşant goşan şahyrlarymyzyň, ýazyjylarymyzyň döredijiligini içgin öwrenmäge ruhlandyrýar.

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi giň umman deýin ondan islendik meseläniň dogry çözgüdini tapmak bolýar. Ol goşgularyny şygyr düzüliş kadalaryna laýyk getirip, pikiri gysby, çuň manyly bermegiň ussatlyk bilen hötdesinden gelipdir. Şygryň esasy alamatlary bolan bent, kapyýa, ritm ýaly ölçegleriň ýerli-ýerinde ulanylmagy babatda Magtymguly Pyragy özünden öň ýaşap geçen Gündogaryň beýik söz ussatlarynyň derejesine ýeten şahyrdyr.

Bägül BERDIÝEWA,
Ak bugdaý etrabyndaky 28-nji orta mekdebiň mugallymy, «Biznes reklama».
Beýleki habarlar