«7/24.tm»: №49 (236) 02.12.2024
Üstümizdäki dowam edýän ýylymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy, Gahryman Arkadagymyzyň türkmeniň beýik akyldary, şahyr Magtymguly Pyragyny hormatlap döreden şygrynyň ýylyň şygaryna öwrülmegi diňe bir biziň ýurdumyzda däl, goňşy döwletlerde, dünýäniň köp ýurtlarynda uly goldawa eýe boldy. Umumadamzat gymmatlyklaryna saldamly goşant goşan Magtymguly atamyzyň giň ummana deňelýän köptaraply döredijiligi islendik adamy, islendik okyjyny özüne çekýär. Şahyryň döredijiligine degişli bolan goşgulary okap manysyna düşünmekçi bolanyňda ýekeje setiriň hem uly bir mana eýe bolup, bu manynyň aňyrsynda uly bir rowaýatyň ýatandygyna köp gezek göz ýetirýärsiň. Uly bir rowaýaty bir ýa-da iki setire, bende ýerleşdirip, many berdirmegi başarmak ussatlykdan nyşan hasaplanýar.