Hala örklenen ykbal
Aknabat orta mekdebi tamamlandan soňra haýsy käri saýlasamkam diýip köp oýlanyp oturmady. Ol ejesine halyçy bolmak isleýändigini ýaňzydanda, Ogulkeýik daýza: «Gyzym, ondan gowy kär bolarmy, halyçynyň hünärini ele alsaň-a, bagtyň özi seni tapar» diýip, gyzynyň pikirini ikelläp goldady. Mähriban ejesiniň ak pata bermegi bilen, Aknabat 1994-nji ýylda Halajyň çeper halyçylyk kärhanasyna işe geldi. Ony halypa halyçy Saparaý Hudaýberdiýewa şägirt edip berkidýärler. Haly dokamagyň ilkinji kynçylyklaryny özüniň erjelligi bilen ýeňip geçen Aknabat, halypasynyň tama edişi ýaly, barha ussatlaşdy. Soňabaka ol halyny özbaşdak dokap başlaýar. Iň kyn halylar bu ýerde dokalýan mozaika halylarydy. Aknabat öz ukybyny synap görmek üçin, ilki bilen, tebigatyň keşbi çitilýän halyny özbaşdak dokamaga aldy. Kärhananyň ýolbaşçylary şonda bu halyça nähili kyn haly bolsa-da, ynanyp boljakdygyna göz ýetirdiler. Aknabat özüne bildirilen ynamy kemsiz ödemegi başardy. Şondan soň ol mozaika şekilli halylary-da dokap başlady. Tebigatdaky gözellikleri, gum depeleriniň arasy bilen barýan kerweni, guba-gazly köli ýada salýan halylary dokady. Şeýle şekiller diýseň täsin we özüne çekiji. Olara nazary düşen adam ondan uzak wagtlap gözüni aýryp bilenok.