Çaga durmuşynda oýnawaçlaryň ähmiýeti

2 Awgust 2023
2139

Çagalyk ýyllary iň bir gyzykly, ýatdan çykmajak pursatlara baý bolan täsin hem owadan döwürdir. Bu pursatlar çaganyň durmuşda hemme zady ýerine ýetirmäge mümkinçiligi bolan, gowşak we goraga mätäç bolsa-da güýçli adamlardan hökümi zor bolan döwrüdir. Çaga köp zat bilen gyzyklanýar, ähli zady bilesi gelýär, şeýdip, ol ýuwaş-ýuwaşdan öwrenýär. Ýekelikde, deň-duşlary we hossarlary bilen oýnaýar. Çagalaryň durmuşynda oýnawaçlaryň uly ähmiýeti bardyr.

Çaga oýunlary oýnawaçlar bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Oýnawaçlar çagalaryň psihologik ösüşine täsir edýär. Olar häzirki zaman jemgyýetçilik gatnaşyklar ulgamynda durmuşa taýýarlaýjy serişde bolup hyzmat edýär. Çaga oýnawaja güýmenip, wagtynyň nädip geçendigini hem duýman galýar.

Serdar ILAMANOW,
Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar