Bal süýji, baldan-da bala

15 Awgust 2023
1536

Halkymyzyň çagalar baradaky aladasy ähli döwürlerde hem ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Şu ýörelgeler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem mynasyp ösdürilýär. Ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpeleriň irki ösüşi, olary mekdebe taýýarlamak boýunça wezipeleri durmuşa ornaşdyrmak bilen baglanyşykly işler alnyp barylýar. Mekdebe çenli bilim milli bilim ulgamynyň ilkinji basgançagy bolup, döwrüň talaplaryna laýyklykda, çagalary başlangyç bilimiň maksatnamasyny özleşdirmäge taýýarlamak esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Şonda mekdebe çenli çagalar we umumybilim edaralarynyň arasynda sazlaşykly gatnaşyklary üpjün etmek möhümdir.

Terbiýe maşgalada berk başlansa, jemgyýet bu terbiýäni berkidýär. Ýagny, körpe çagalar bagyndan başlap töwerekdäki ýagdaýlardan täsirlenip ugraýar. Hereketlerini üýtgedýär, gepleýşini kämilleşdirýär, söz baýlygyny artdyrýar. Bu ugurda çagalar baglarynyň paýy uludyr. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda we paýtagtymyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilen çagalar baglary bar. Olarda körpeler bilen alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik işleriniň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmak üçin innowasion tehnologiýalar, ýagny okatmagyň täze, döwrebap serişdeleri peýdalanylýar. Gysga döwrüň içinde bilim ulgamyna multimedia tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy bilim bermek işinde mugallyma aýratyn ýardam edýär. Terbiýeçileriň okuw maglumatlaryny multimedia tehnologiýalary arkaly körpelere ýetirmegi sapagyň mazmunynyň täsirliligini artdyrýar, netijeliligini ýokarlandyrýar.

Saýara AHMEDOWA,
Dänew etrabyndaky «Älemgoşar» atly 12-nji çagalar bakja-bagynyň mugallymy.
Beýleki habarlar