Perwanalardan ylhamly dizaýner

17 Awgust 2023
1579

Aýakgaplar öndürilip başlaly bäri, adamlaryň durmuşynda esasy orny eýeläp gelýär. Aýakgap dizaýnerleriniň biri: «Eşigiň her näçe sada bolsa bolsun, bir jübüt köwüş onuň gözelliginiň üstüni ýetirer» diýse, ýene biri: «Aýakgap hem eşikdir, çünki ol biziň aýagymyzy bezeýär» diýip belleýär. Hakykatdan hem, bu gün aýakgaplar, edil egin-eşikler ýaly, adamlaryň biri-birinden tapawutly dünýäsinden söz açýar.

Bir žurnalist zenan: «Şazada duşmak üçin onuň ak atly gelerine garaşma-da, aýagyňa bolar ýaly bir jübüt owadan köwüş saýla» diýeninde mamla. Zoluşkanyň hrustal köwşi bilen şazada duşuşy hemmeleriň ýadyndadyr. Asly rumyniýaly köwüş dizaýneri Amina Muaddi bolsa «Zoluşkanyň köwşi» atly aýna ýaly dury deriden edilen zenan aýakgaplary bilen her bir ýaş gyzyň hrustal köwüşli bolmagyny üpjün etdi. Aýakgap dizaýnerleriniň, kärhanalaryň sanynyň artmagy aýakgaplaryň görnüşleriniň, brendleriniň köpelmegine getirdi. Bu gün hrustal ýaly dürli gaşlar, bezegler bilen bezelen köwüşler näçe diýseň bar. Dünýäde, esasan, zenan aýakgaplarynyň görnüşleri agdyklyk edýär. Soňky wagtda zenanlaryň aglabasy gaşly aýakgaplara köp isleg bildirýär. Ýöne bu gezekki tanyşdyrmakçy bolýan aýakgap dizaýnerimiziň döredýän köwüşlerini görseňiz, şolardan bir görnüşiniň aýakgap tekjäňizde bolmagyny islärdiňiz.

Taýýarlan Züleýha GULOWA,
«Zenan kalby».
Beýleki habarlar