Maşgala — jemgyýetiň sütüni

4 Awgust 2023
1464

Her bir halkyň özüne mahsus terbiýeçilik ýörelgesi bolýar. Terbiýe adamyň ýaşaýyş-durmuş, medeni-ynsanperwer we aň-paýhas derejesinden gelip çykyp, onuň ahlak keşbini açyp görkezýär. Halkymyz olary «türkmençilik ýörelgeleri» diýip atlandyrýar. Her bir hereket şol ýörelgelere laýyklykda amala aşyrylýar, oňa gabat gelmeýän her bir ýagdaý bolsa il-gün tarapyndan ýazgarylýar.

«Çaga eziz, edebi ondan hem eziz» diýýän halkymyz perzendiň ruhy kämilligine, ýagny terbiýesine aýratyn ähmiýet beripdir. Nesil terbiýesiniň gözbaşy bolsa maşgaladan başlanýar. Maşgala — jemgyýetiň iň ilkinji we esasy sütüni. Maşgalada onuň her bir agzasynyň durmuş ýoly başlanýar. Şonuň üçin hem maşgalada berilýän terbiýe ynsanyň ykbalyny kesgitleýär. Şeýledigi üçin ata-eneler çagalarynyň her bir hereketine, edim-gylymyna jogapkärli çemeleşmelidir. Nesil terbiýesinde her bir ýagşy hereket öz wagtynda höweslendirilip, ýaramaz endikleriň öňi alynsa, kämil ynsan, il-güne haýyrly şahsyýet kemala gelýär.

Ejegül ATABAÝEWA,
Wekilbazar etrabyndaky 35-nji orta mekdebiň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary.
Beýleki habarlar