Eneleriň alkyşy egsilmesin!

17 Awgust 2023
1681

«Iňňä, iňňä...». Maşgalada ýene bir perzent dünýä indi. Ene mähirli ýylgyryp, çowlugyny eline aldy. Bu balajygyň neslini dowam etjek täze durmuşyň eýesidigini ýatlap, baý, guwanmak guwandy. Jennetiň ysy bark urýan balany ýokary galdyryp, onuň «jennet ysyny» içine çekdi. Ol enelik duýgusyny jany-teni bilen ýene bir gezek duýdy.

Durmuşy manyly ýaşamak hemmeleriň arzuwy. Her bir ene ynsan balalaryny ösdürip, kemala getirip, gözli-başly edenden soňra, olaryň lezzetini görüp, bagtyýar ýaşamak isleýär. Emma perzentlerinden soňra agtyk-çowluklaryny görüp, olara hem guwanmak adam üçin elýetmez bagt bolsa gerek! Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gowşut obasynyň ýaşaýjysy, 90 ýaşly Sapargül Berdiýewa hem şeýle bagtly eneleriň biri.

Arzygül RAHMANOWA,
Metbugat merkeziniň sahaplaýjy sehiniň ussasy.
Beýleki habarlar