"Türkmenistanyň lukmançylygy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-55
Email: t-lukmanchylyk-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistan — ÝUNESKO: netijeli gatnaşyklara ygrarlylyk

12-nji iýunda Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, degişli halkara guramalaryň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine Türkmenistanyň 2021 — 2023-nji ýyllarda ÝUNESKO-nyň Hökümetara okeanografiýa toparynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzasy hökmünde alyp baran işleri baradaky hasabaty girizildi. Şeýle hem Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparynyň agzalary toparyň 2023-nji ýyl üçin meýilnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmegiň ugurlaryna garadylar. Hususan-da, ÝUNESKO-nyň halkara kadalaryna laýyklykda, türkmen halkynyň milli gymmatlyklary bolan türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmek sungatyny Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşmak boýunça taýýarlyk işleriniň ýola goýlandygy barada aýdyldy.

Döwrebap ulaglar — abadançylygyň möhüm şerti

Kämil ulag düzümi şäherde abadan ýaşaýşyň üpjün edilmeginiň esasy şertleriniň biridir. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň internet sahypasynyň habar bermegine görä, şu gün Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň düýbüniň tutulyş dabarasynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Arkadag şäherine täze elektroulaglary sowgat berdi. Şeýle ulaglar şäherde ekologik abadançylygynyň goralmagynda hem-de ýaşaýjylar üçin mynasyp durmuş şertleriniň ýola goýulmagynda möhüm ähmiýete eýedir. Şeýle hem şu gün Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň adyndan «Tiz kömek» ulaglary sowgat berildi. Munuň özi ýurtlarymyzyň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklaryň hem-de dost-doganlygyň barha berkeýändiginiň nyşanydyr.

Türkmen-latwiýa ulag boýunça iş toparynyň üçünji mejlisiniň çäklerinde hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi

“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekilýet 2023-nji ýylyň 12-16-njy iýunynda Türkmen-latwiýa ulag boýunça iş toparynyň üçünji mejlisine gatnaşmak üçin Latwiýa Respublikasyna iş saparyny amala aşyrýarlar. 2023-nji ýylyň 12-nji iýunynda Riga şäherinde Türkmen-latwiýa ulag boýunça iş toparynyň üçünji mejlisi öz işine başlady. Mejlisde taraplar özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin wezipeleri kesgitlediler. Hususan-da, taraplar hyzmatdaşlygy giňeltmek, üstaşyr-logistika pudagyny ösdürmäge gönükdirilen bilelikdäki taslamalary mundan beýläk-de durmuşa geçirmek mümkinçiligine seretdiler. Bu babatda taraplar häzirki wagtda iki ýurduň arasynda ulag-logistika pudagynyň oňyn ösüşini bellediler we bu ugurda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça maglumat alyşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygynyň orunbasaryny kabul etdi

Aşgabat, 15-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygynyň orunbasary, “Semena” assosiasiýasynyň prezidenti Iwan Kuzmini kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz myhmany mübärekläp, onuň ýurdumyza şu gezekki saparynyň GDA-nyň giňişliginde oba hojalyk ulgamynda, hususan-da, tohumçylyk ýaly möhüm ugurda özara bähbitli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirdi.

«Türkmen Logistika» assosiasiýasy hem-de Latwiýanyň milli ýük ekspeditorlary we logistika assosiasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi

Rigada geçirilen «Latwiýa-Merkezi Aziýa» transport-logistika işewürlik forumynyň çäklerinde «Türkmen Logistika» assosiasiýasy we Latwiýanyň milli ýük ekspeditorlary we logistika assosiasiýasy özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekdiler. Logistika hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, üpjünçilik zynjyrlaryny we halkara ýük daşamalaryny ýeňilleşdirmekde möhüm bolan häzirki zaman sanly ulgamlary ornaşdyrmak, halkara tejribäni öwrenmek üçin halkara bilermenleriň gatnaşmagynda iş maslahatlaryny we duşuşyklary guramak, şeýle hem logistika hünärmenleriniň hünärlerini ýokarlandyrmak we taýýarlamak boýunça okuw kurslaryny hem-de seminarlary geçirmek Ähtnamanyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary bolup durýar.

Türkmenistan Daşkentde halkara awiasiýa konferensiýasyna gatnaşmaga çagyryldy

13-nji iýunda Daşkentde «Asia Connect: Aviation Strategy» atly halkara awiasiýa konferensiýasy geçirildi. Oňa gatnaşmaga Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Moldowanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň awiakompaniýalarynyň we howa menzilleriniň, şeýle hem halkara uçar öndürýän we lizing kompaniýalarynyň, maliýe guramalarynyň wekilleri çagyryldy diýip, «UzDaily.uz» habar berýär. Konfederasiýada açyk dialog görnüşinde howa ulaglarynyň bazarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi, gatnaw ugurlaryny ösdürmek, uçarlary maliýeleşdirmek we kärendesine bermek, şeýle hem Merkezi Aziýa sebitinde we goňşy ýurtlarda iň oňat awiasiýa işewürlik tejribesini alyşmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gazagystanyň Prezidenti: Transhazar ulag geçelgesi haryt daşamagyň wagtyny azaldar

Gündogar-Günbatar Transhazar halkara ulag geçelgesi (Orta geçelge) haryt daşamak üçin wagty iki esse azaldyp biler diýip, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew penşenbe güni Astana halkara forumynyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda aýtdy. Bu barada “Trend” agentligi penşenbe güni habar berdi. “Hytaý bilen Ýewropany birleşdirýän Orta geçelge sebitde ykdysady ösüş üçin täze mümkinçilikler açýar. Bu geçelge Hindi ummanyndan haryt daşamak üçin sarp edilýän wagty iki esse azaldyp biler” diýip, Gazagystanyň Prezidenti belledi.

Türkmenistan — hytaý: hoşniýetli hyzmatdaşlygyň nurana menzilleri

Beýik Ýüpek ýolundan gözbaş alyp gaýdýan köpasyrlyk taryhy bolan türkmen-hytaý gatnaşyklary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe üstünlikli dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ilkinji döwlet saparyny gadymy Çyn-Maçyn ýurdundan — Hytaý Halk Respublikasyndan başlamagy munuň anyk mysalydyr. Belent mertebeli Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen ýokary derejede geçiren resmi duşuşygy we gepleşik mahaly gazanylan ylalaşyklar iki ýurduň özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de batly depginlerde ösdürilmegine giň ýol açdy. Bu taryhy saparyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bilen HHR-iň arasynda ýola goýlan diplomatik gatnaşyklaryň 31 ýyllygyna gabat gelmeginiň çuňňur manysy bar. 1992-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda ýola goýlan türkmen-hytaý diplomatik gatnaşyklarynda uly tejribe toplandy, buýsançly menziller aşyldy. Olaryň hatarynda dünýä jemgyýetçiliginde «XXI asyryň ägirt taslamasy» adyny alan Türkmenistan — Hytaý transmilli gaz geçirijisi aýratyn orun eýeleýär. Indi köp ýyllardan bäri türkmen gazy hytaýly dostlarymyzyň öýüni ýyladýar, şol bir wagtyň özünde olaryň ýüreklerine mähir paýlaýar. Täze taryhy eýýamda dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň biri hasaplanýan Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky däp bolan dostana hyzmatdaşlyk hil taýdan täze derejä çykaryl

Hyzmatdaşlyk ösdürilýär

12-nji iýunda Türkmenistanyň Mejlisinde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Milli azlyklaryň işi boýunça Ýokary komissary Kaýrat Abdrahmanowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyza gelen wekiliýetiň agzalary bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine, açyklyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýan daşary syýasat ugruna ygrarlydygyny belledi. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ÝHHG bilen özara gatnaşyklary ösdürmek boýunça baý tejribe toplandygy nygtaldy.

Halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

13-nji iýunda Daşary işler ministrliginde paýtagtymyza iş sapary bilen gelen ÝHHG-niň milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary komissary Kaýrat Abdrahmanow bilen duşuşyk geçirildi. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi pikir alyşmalaryň esasyny düzdi. Soňky ýyllarda bu hyzmatdaşlyk hil taýdan täze derejä çykdy we yzygiderli häsiýete eýe boldy. Şunuň bilen baglylykda, ynsanperwerlik ugry, hususan-da, bilim ulgamy ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Şunda 2021-nji ýylyň aprelinde Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen ÝHHG-niň milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň arasynda Türkmenistanda dil we medeni köpdürlülik boýunça hyzmatdaşlyk hakyndaky Ähtnama gol çekilmegi möhüm ädim boldy.

Ara alnyp maslahatlaşyldy

13-nji iýunda Daşary işler ministrliginde paýtagtymyza iş sapary bilen gelen ÝHHG-niň milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary komissary Kaýrat Abdrahmanow bilen duşuşyk geçirildi. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi pikir alyşmalaryň esasyny düzdi. Soňky ýyllarda bu hyzmatdaşlyk hil taýdan täze derejä çykdy we yzygiderli häsiýete eýe boldy. Şunuň bilen baglylykda, ynsanperwerlik ugry, hususan-da, bilim ulgamy ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Şunda 2021-nji ýylyň aprelinde Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen ÝHHG-niň milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň arasynda Türkmenistanda dil we medeni köpdürlülik boýunça hyzmatdaşlyk hakyndaky Ähtnama gol çekilmegi möhüm ädim boldy.

Milli toparyň mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, degişli halkara guramalaryň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy. Mejlisiň gün tertibine Türkmenistanyň 2021 — 2023-nji ýyllarda ÝUNESKO-nyň Hökümetara okeanografiýa toparynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzasy hökmünde alyp baran işleri baradaky hasabaty girizildi. Türkmenistanyň Ýerine ýetiriji geňeşiň agzalygyna saýlanmagy ýurdumyzyň ekologiýany, suw serişdelerini goramak boýunça halkara we sebitara çärelere işjeň gatnaşmak boýunça tagallalarynyň nobatdaky beýanydyr.

Halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Aşgabat, 13-nji iýun (TDH). Şu gün Daşary işler ministrliginde paýtagtymyza iş sapary bilen gelen ÝHHG-niň milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary komissary Kaýrat Abdrahmanow bilen duşuşyk geçirildi. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi pikir alyşmalaryň esasyny düzdi. Soňky ýyllarda bu hyzmatdaşlyk hil taýdan täze derejä çykdy we yzygiderli häsiýete eýe boldy. Şunuň bilen baglylykda, ynsanperwerlik ugry, hususan-da, bilim ulgamy ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Şunda 2021-nji ýylyň aprelinde Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen ÝHHG-niň milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň arasynda Türkmenistanda dil we medeni köpdürlülik boýunça hyzmatdaşlyk hakyndaky Ähtnama gol çekilmegi möhüm ädim boldy.

Türkmenistan täze "Boeing" uçarlaryny satyn alar

Türkmenistan, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça raýat awiasiýa parkyny giňeltmek üçin «Boeing» amerikan korporasiýasynyň ýolagçy uçarlaryny satyn alar. Hususan-da, "Boeing 777-300ER" modifikasiýaly iki uçary (goşmaça ýangyç guýujy enjamlaryň oturdylmagy sebäpli uçuş aralygy 12 müň km çenli ýokarlandyrylan) we "Boeing 737-8 MAX 8" (6570 km çenli) dört sany täze orta aralyk uçary satyn alynar.

Halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Aşgabat, 13-nji iýun (TDH). Şu gün Daşary işler ministrliginde paýtagtymyza iş sapary bilen gelen ÝHHG-niň milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary komissary Kaýrat Abdrahmanow bilen duşuşyk geçirildi. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi pikir alyşmalaryň esasyny düzdi. Soňky ýyllarda bu hyzmatdaşlyk hil taýdan täze derejä çykdy we yzygiderli häsiýete eýe boldy. Şunuň bilen baglylykda, ynsanperwerlik ugry, hususan-da, bilim ulgamy ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Şunda 2021-nji ýylyň aprelinde Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen ÝHHG-niň milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň arasynda Türkmenistanda dil we medeni köpdürlülik boýunça hyzmatdaşlyk hakyndaky Ähtnama gol çekilmegi möhüm ädim boldy.

Festiwala gatnaşyjylara söz berýäris

Irina MINÝALINA,Russiýanyň Garri Polewoý adyndaky «Ogonki» rus tans toparynyň çeper ýolbaşçysy:

Türkmenistan — ÝHHG: netijeli hyzmatdaşlyk ösdürilýär

Aşgabat, 12-nji iýun (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Milli azlyklaryň işi boýunça Ýokary komissary Kaýrat Abdrahmanowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyza gelen wekiliýetiň agzalary bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Türkmenistanyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda we ýurduň hemişelik Bitaraplyk derejesine, açyklyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýan daşary syýasat ugruna ygrarlydygyny belledi. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň iri halkara guramalar, sebitleýin düzümler, şol sanda ÝHHG bilen özara gatnaşyklary ösdürmek boýunça baý tejribe toplandygy nygtaldy.

ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparyň mejlisi

Aşgabat, 12-nji iýun (TDH). Şu gün Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, degişli halkara guramalaryň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine Türkmenistanyň 2021 — 2023-nji ýyllarda ÝUNESKO-nyň Hökümetara okeanografiýa toparynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzasy hökmünde alyp baran işleri baradaky hasabaty girizildi. Türkmenistanyň Ýerine ýetiriji geňeşiň agzalygyna saýlanmagy ýurdumyzyň ekologiýany, suw serişdelerini goramak boýunça halkara we sebitara çärelere işjeň gatnaşmak boýunça tagallalarynyň nobatdaky beýanydyr. Munuň özi türkmen döwletiniň alyp barýan ekologiýa we suw diplomatiýasyna laýyk gelýär. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparynyň agzalary toparyň 2023-nji ýyl üçin meýilnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmegiň ugurlaryna garadylar.

Ýurdumyzyň ylmy kuwwaty — berkararlygyň we abadançylygyň möhüm binýady

Aşgabat, 12-nji iýun (TDH). Şu gün paýtagtymyzda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahat öz işine başlady. Giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli geçirilýän bu forum ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek meseleleriniň hemişe üns merkezinde saklanylýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy. Foruma Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ugurdaş institutlaryndan, ýokary okuw mekdeplerinden alymlar, mugallymlar we ýaş oýlap tapyjylar bilen birlikde, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusuň, Wýetnamyň, Russiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň, Ýaponiýanyň we beýleki ýurtlaryň ylmy edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Diýarymyzyň öňdebaryjy ylym-bilim merkezi bolan Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde halkara maslahatyň açylyş dabarasy geçirildi.

Türkmenistan — ÝHHG: netijeli hyzmatdaşlyk ösdürilýär

Aşgabat, 12-nji iýun (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Milli azlyklaryň işi boýunça Ýokary komissary Kaýrat Abdrahmanowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyza gelen wekiliýetiň agzalary bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Türkmenistanyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda we ýurduň hemişelik Bitaraplyk derejesine, açyklyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýan daşary syýasat ugruna ygrarlydygyny belledi. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň iri halkara guramalar, sebitleýin düzümler, şol sanda ÝHHG bilen özara gatnaşyklary ösdürmek boýunça baý tejribe toplandygy nygtaldy.