"Türkmenistanyň lukmançylygy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-55
Email: t-lukmanchylyk-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Halkymyzyň müdimi gymmatlyklary

Pederlerimizden miras galan milli baýlyklarymyz halkymyzyň geçmişinden, şan-şöhratyndan habar berýär. Olar türkmen taryhynyň çeper beýany bolmak bilen, indi ençeme asyrlardan bäri halkymyzyň milli buýsanjy hökmünde şöhlelenýär. Milli medeniýetimiziň maddy we ruhy baýlyklarynyň biziň günlerimize gelip ýetmeginde sungat ussatlarynyň hyzmaty diýseň uludyr. Olar elmydama milli gymmatlyklarymyzy baýlaşdyrmagyň, üstüni ýetirmegiň we nesillere miras galdyrmagyň aladasyny edipdirler. Bu nusga alarlyk göreldäni häzirki wagtda üstünlikli dowam etdirmek bolsa biziň paýymyza düşýär. Millilige ýugrulan maddy-ruhy gymmatlyklarymyzy öwrenmek, dünýä ýaýmak, olara halkara ylmy jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmek, ýaşlary millilik ruhunda terbiýelemek biziň esasy işlerimiziň biridir. Welaýatymyzyň çäginde ýerleşýän Astanababa, Alamberdar ýadygärlikleri, Daýahatyn kerwensaraýy, Idris baba medresesi, Amul, Osty, Ödeý galalary gündogar sebitiň milli medeniýetiň ösen ojaklary bolandygyny görkezýär. Olaryň gurluş, binagärlik aýratynlyklary bolsa hemmeleriň ünsüni özüne çekýär.

Helise

Jeýhunyň boýlary — rowaýatlara baý mekan. Bu jelegaýlara ýoly düşen myhmanlar gören-eşidenlerini ýatdan çykarman, taryp edýärler. Ýakynda Daşoguz welaýatyndan okyjylarymyzyň biri Lebapda helise atly nahary dadandygyny aýdyp, «Çeşmeler» sahypamyzda şu barada söhbet etmegimizi haýyş etdi. Okyjymyzyň haýyşyny göz öňünde tutup, helise bilen baglanyşykly maglumatlary size ýetirmegi makul bildik. Irki zamanlarda Amyderýanyň çep kenaryndan sag kenara barýan ýolagçylaryň gaýygy heläkçilige uçraýar. Ýüzüp, kenara çykanlary ýerli ýaşaýjylar öýlerine myhman alýarlar we üýşüp, helise (halk arasynda helese diýlip hem atlandyrylýar) tagamyny taýýarlaýarlar. Bu tagamyň ady aslynda «birleşmek, ýardamlaşmak» diýen manyny aňladypdyr. Şondan soň adamlar helise bişirip, doga-dileg etseler, bela-beterleriň sowlup geçjekdigine tüýs ýürekden ynanypdyrlar. Şonuň üçinem bu däp nesilden-nesle geçip, biziň günlerimize çenli dowam edip gelýär.

Dün­ýä kar­ta­sy­ny çy­zan alym

Tür­ki dil­le­riň söz baý­ly­gy ha­kyn­da söh­bet edi­len­de, Mah­myt Kaş­gar­ly­nyň ady il­kin­ji bo­lup ýat­la­nyl­ýar. Alym «Tür­ki dil­le­riň di­wa­ny» ese­ri­ni 1077-nji ýyl­da ýa­zyp gu­tar­ýar. Söz­lük­dä­ki söz­le­riň kä­biri hä­zir­ki wagt­da hem hal­ky­myz ta­ra­pyn­dan giň­den ula­nyl­ýar. XI asyr­da Mah­myt Kaş­gar­ly­nyň söz­lü­gin­de ýa­zyp gör­ke­zen köpsan­ly oguz-türk­men na­kyl­la­ry, ata­lar söz­le­ri we goş­gu­la­ry türk­men halk dö­re­di­ji­li­gi­niň iň ga­dy­my nus­ga­la­ry­dyr. Aly­myň bu ese­ri­niň ýe­ne bir gym­mat­ly ta­ra­py bol­sa, gol­ýaz­ma­nyň 22-23-nji sa­hy­pa­la­ryn­da şekillendirilen dün­ýä kar­ta­sy­dyr. Mah­myt Kaş­gar­ly tür­ki halk­la­ryň ni­re­de ýa­şa­ýan­dyk­la­ry­ny gör­kez­mek mak­sa­dy bi­len bu kar­ta­ny taý­ýar­lap­dyr. Kar­ta­nyň mer­ke­zin­de Ba­la­sa­gun şä­he­ri ýer­leş­di­ri­lip­dir. Hä­zir­ki wagt­da­ky Gyr­gy­zys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň çäk­le­rin­de ýer­leş­ýän bu ta­ry­hy şä­her irki dö­wür­ler­de Ga­ra­han­ly türk­men döw­le­ti­niň mer­ke­zi bo­lup­dyr. Mah­myt Kaş­gar­ly­nyň dün­ýä kar­ta­sy to­ga­lak gör­nü­şin­de çy­zy­lyp­dyr. Mä­lim bol­şy ýa­ly, bu alym bi­len dö­wür­deş Abu Reý­han Bi­ru­ny 22 ýa­şyn­da Ýer şa­ry­nyň şe­ki­li­ni ýa­sap­dyr. Şeý­le-de ola­ryň dö­wür­de­şi Omar Haý­ýa­myň:

Men-menlik etseň...

Tymsal Goýun janawar çybyn-çirkeýden goranyp zordan mydar edip duran eken. Şol wagt geçi gudurap, bir ýerde durmaga karar tapmandyr. Ol tümmek kesegiň üstüne çykypdyr-da, gum sowrup başlapdyr.

Çemçeleriň taryhy

Ilkinji çemçeler biziň eýýamymyzdan üç müň ýyl öň toýun palçykdan ýasalyp, ulanylmaga başlanypdyr. Ata-babalarymyz haýwanlaryň süňklerinden, goçuň we geçiniň şahyndan hem çemçeleri ýasapdyrlar. Soňabaka peýda bolan kümüş çemçeleriň sapy gysga bolupdyr. Gadymy ýazuw çeşmelerine ser salanymyzda, dürli görnüşli çemçeleriň ulanylandygyna şaýat bolýarys. Edebi çeşmelerimizde çemçe sözüniň «kaşyk», «köfçe», «çömçe» görnüşlerine duş gelmek bolýar. «Kaşyk» — «çemçe» sözüniň gadymy görnüşi. Häzirki wagtda hem käbir şiwelerde çemçä «kaşyk» diýilýär. Gadymy türkmen dilinde «kaşyk» sözi «şah» diýmegi aňladypdyr. Alymlar şundan çen tutup, çemçäniň öň haýwan şahyndan ýasalandygyny, şondan hem «kaşyk» sözüniň gelip çykandygyny aýdýarlar.

Kürmek salmak

Kürmek — düwün salmagyň bir görnüşi bolup, berkligi we aňsat çözülýänligi bilen tapawutlanýar. Dilimizde «kürmek salmak», «kürmemek» ýaly görnüşlerde ulanylyp, «düwün salmak», «çigmek» manylaryny berýär. Bu düwün oba ýerlerinde häzir hem mal-garalara ýüp daňylanda işjeň ulanylýar. Kürmek salnanda ýüpüň bir ujuny çep eliňe alyp, elleriňi atanak şekilinde tutmaly. Soňra ýüpüň uzyn tarapyny halka görnüşinde ýüpüň daşyndan aýlap, tutup durlan ýüpüň ujuny halkanyň içinden geçirmeli. Şeýle ýagdaýda emele gelen düwne «kürmek» diýilýär. Bu düwni sarç mallar hernäçe çekse-de çözüp bilmeýär. Emma halkanyň içinden geçirilen ýüpüň ujy çekilende aňsat çözülýär. Halk arasynda şalynyň içinde gögeren gara dänelije ösümligiň dänesine — çignine hem «kürmek» diýilýär. Ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala gelen ekerançylyk, maldarçylyk tejribesi milli mirasymyzyň aýrylmaz bir bölegidir. Olary içgin öwrenmek we wagyz etmek ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň esasy borjudyr.

Türkmen saçagynyň mukaddesligi

Türkmen halkynyň milli aýratynlyklarynda gyz-gelinleriň el hünärinden dörän önümler uly orun tutýar. Olaryň biri-de düýe ýüňünden dokalan milli saçagymyzdyr. Türkmen milleti saçagyny keramat bilip, ony hemişe mukaddeslik derejesine göteripdir. Saçak maşgalanyň agzybirliginiň nyşany, maşgala haýsy işde, haýsy ýerde bolsa-da, saçagyň başynda agzybir bolup jemlenýär. Türkmen zenanynyň golunyň hünärinden dörän saçak diňe bir gadymy sungat bolman, keramat hasaplanylýar. Ony eliňi ýuwman ellemek, basmak ýa-da ötülip-geçilip duran ýerde goýmak külli günä hasaplanylýar. Gudaçylyga gidilende hem saçagy hormatlanýan, ýaşy uly aýallara açdyrypdyrlar. Olar bolsa «Bismilla» diýip, maňlaýlaryna sylyp açypdyrlar. Saçagy dokanlarynda gelin-gyzlarymyz ilki ýüňi arassalap, tüýdüp, soňra darap, egrip, bükdürip, ýumak edipdirler. Soňra taýýar bolan düýe ýüňüniň ýumagyndan saçak dokapdyrlar. Ýüp näçe inçe, berk, gowy hilli egrilip, bükdürilen bolsa, saçagam şonça berk hem nepis bolupdyr. Dokalan zolak-zolak insizje bölekler inçe düýe ýüň sapagy bilen çatylyp, berkidilipdir. Gerek ululykdaky saçagyň dört burçuny deňänsoňlar, gyrasyna ýörite dokalan ýüp, alaja tutupdyrlar, saçagy degişli bezegler bilen bezäpdirler. Taýýar bolan saçagyň iç ýüzüne içlik tutulyp ulanylýar. Saçak milliligimiziň ajaýyp nusgalarynyň biri bolup, häzirem biziň durmuşymyza berk ornaşdy. Toýlarymyzyň bezegi bolan saçagyň her b

Pir-ussatlar goldaw berer her işde

Keremli türkmen topragynyň taryhyň dürli döwürlerinde ösen medeniýetleriň ojagyna öwrülmegi, bu toprakda ekerançylygyň we maldarçylygyň, senetçiligiň dürli görnüşiniň, ylym-bilimiň, medeniýetiň we sungatyň ösmegi halkymyzyň ruhy dünýäsiniň näderejede gözeldigini, zehin akabasynyň hem çuňdugyny açyp görkezýär. Halkymyzyň arasynda her bir kesbiň başyny tutup, kämil derejä ýetiren pir-ussatlaryň zehin-başarnygy bilen bagly milli ýol-ýörelgeler, asylly däp-dessurlar asyrlardan-asyrlara aşyp, nesillerden-nesillere geçip gelýär. Biz olaryň birnäçesi barada söz açmagy makul bildik. Türkmen halkynda dal bedewleriň piri Düldül ata hasaplanylypdyr. Bu pygamberiň ady hem-de Hezreti Alynyň Düldül atynyň ady bilen baglanyşykly. Gadymy ýörelgelere uýan halkymyz dal bedewleri seýislemeklige girişenlerinde, Düldül atadan medet isläpdirler. Şonda işleriniň şowly boljakdygyna ynanypdyrlar. At çapyşyklarda, ýaryşlarda hem Düldül atanyň ady bilen tutan tutumlary şowly bolupdyr.* * *Ähli öý haýwanlarynyň hem piri bolupdyr. Göwender baba geçiniň piri hasaplanylýar. Biziň ülkämizde gadymy döwürlerden bäri maldarçylygyň has ösendigi üçin geçmişde süri-süri mally çopanlar, baýlar bolupdyr. Şunuň bilen bagly halk arasynda «Düýeli baý — dünýäli baý», «Sygyrly baý — saldamly baý», «Goýunly baý — goýy baý», «Geçili baý — kiçi baý» diýen nakyllar hem döräpdir.* * *Zeňňi baba — sygryň piri.

Meşhur tebibiň mirasy

Mary welaýatynda gazuw-agtaryş işlerini geçiren alymlar hum küýzelerine hem-de mallaryň ýülmenen pilçeleriniň ýüzüne gara syýa bilen ýazylan tapyndylary ýüze çykarypdyrlar. Şol ýazgylar pehlewi harplar bilen ýazylypdyr. Bu dilden ezberlik bilen baş çykaran meşhur tebip Barzueniň VI asyrda Maryda ýaşap geçendigi barada ylmy çeşmelerde maglumatlar saklanyp galypdyr. Ol adalatly hökümdar Anuşirwanyň köşk tebibi bolup işläpdir. Barzue barada köp ertekiler we rowaýatlar dilden-dile geçip, biziň günlerimize gelip ýetipdir.

Ýanama bagşynyň ýardamçysy

Türkmen nusgawy edebiýatynyň eserlerinde, şadessanlarda, sazşynaslaryň, folklorçylaryň ylmy işlerinde we köpsanly syýahatçylaryň ýol ýazgylarynda ata-babalarymyzyň ulanan saz gurallary barada gymmatly maglumatlar bar. Bu saz gurallary uzak taryhy döwrüň içinde dürli görnüşlere we atlara eýe bolupdyrlar. Olardan gyjak saz guraly biziň durmuşymyza has berk ornaşypdyr. Türkmenlerde 3 kirişli gyjak, takmynan XVIII asyryň ikinji ýarymynda ýüze çykypdyr. Tut agajyndan ýasalan gyjagyň sesi owadan we owazly bolýar. Gyjagyň kädisiniň ýüzüne keýigiň ýa-da balygyň hamyny çekipdirler.

Medeni mirasyň hazynasy

Düýedarçylyk türkmen halkynyň däbe öwrülen medeni miras hasaplanýan maldarçylyk pudagynyň möhüm ugrudyr. Türkmeniň düýe malyna bolan yhlasy, söýgüsi çäksizdir. Halkymyz düýe malyna bolan yhlasyny, söýgüsini el senediniň, halk döredijiliginiň dürli görnüşleriniň üsti bilen hem beýan edýär. Türkmen zenany edil öý-ojagyny bezeýşi ýaly, düýe malyny dürli esbaplar bilen bezemegi başarypdyr. Munuň şeýledigini biziň günlerimize gelip ýeten sungata öwrülen düýe esbaplary aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Şeýle täsin el senetleriniň biri-de düýehalykdyr. Düýehalyk ýörite taýýarlanan keçeden we şuňa meňzeş zatlardan ýasalyp, düýäniň arkasyna atylýar. Ol dürli şekiller bilen bezelipdir. Olarda türkmen sährasynyň ösümlik we haýwanat dünýäsi dürli reňkler bilen şekillendirilýär. Iň esasy şekil hem düýehalygyň orta gyrasyna nagyş hökmünde salnan üsti kejebeli düýe kerweniniň keşbidir. Onda halkyň toý baradaky arzuwlary beýan edilipdir.

Alabaý — milli buýsanjymyz

Hormatly Prezidentimiz: «Ata-babalarymyz bedewinde myradyny, milli seçgiçiligiň ajaýyp nusgasy bolan alabaýlarymyzda bolsa bagtyny görüpdirler» diýip bellemek bilen, pederlerimizden gelýän gadymy itşynaslyk däplerine uly hormat-sarpa goýýar hem-de türkmen alabaýlarynyň tohumyny has-da kämilleşdirmek babatda ajaýyp işleri durmuşa geçirýär. Täze taryhy döwrümizde Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň döredilmegi, ýurdumyzyň sebitlerinde türkmen alabaý itleriniň tohumçylyk-seçgiçilik işi we olary saklap köpeltmek üçin binalar toplumlarynyň gurluşygyna ähmiýetiň berilmegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Mundan sanlyja ýyl ozal, ýagny 2019-njy ýylda welaýatymyzyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde gurlup, ulanylmaga berlen «Türkmen alabaý itleri» hojalyk jemgyýetiniň binalar toplumy şeýle maksatly desgalaryň ilkinjisidir. Bu toplumda türkmen alabaý itleriniň tohumçylyk-seçgiçilik işi we olary saklap ylmy esasda ösdürip ýetişdirmek hem-de köpeltmek üçin giň şertleriň üpjün edilmegi ulus-ilimizi örän guwandyrýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 19-njy fewralynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň işini gowulandyrmak boýunça görülýän çäreler barada gürrüňe ünsüň çekilmegi hem-de «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy», «Türkmenistanyň halk itşynasy» di

Gadymy taryhyň şaýatnamalary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary esasynda halkyň taryhy-medeni gymmatlyklaryny düýpli öwrenmek we gorap saklamak boýunça ägirt uly işler amala aşyrylýar. Çünki biziň gadymy ýadygärliklerimiz halkymyzyň taryhy köklerini açyp görkezýän ajaýyp gymmatlyklar hasaplanylýar. Olar milletimiziň köpasyrlyk taryhyny, däp-dessurlaryny öwrenmekde, asyrlaryň jümmüşinde galan, wagtyň aýdyp bilmeýän syrly sahypalaryndaky ýazgylary okamakda bahasyna ýetip bolmajak miraslarymyzdyr. Ýurdumyzyň dürli künjeginde ýerleşýän Marguş, Köneürgenç, Altyndepe, Nusaý, Amul, Zemm, Dehistan ýaly gadymy ýadygärliklerimiz geçmiş bilen şu günümizi utgaşdyryp, ruhy bitewüligi emele getirýär. Olar halkymyzyň şanly taryhy bilen geljekki nesilleri tanyşdyrmak arkaly diňe bir şu günümiz üçin däl, eýsem, ertirlerimiz üçin hem gönezlik bolup hyzmat edýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän üç sany medeni-taryhy ýadygärlik — Gadymy Merw, Köneürgenç we Köne Nusaý ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Olaryň umumadamzat gymmatlyklarynyň hataryna girizilmegi dünýä alymlarynyň we jahankeşdeleriniň gyzyklanmasyny has-da artdyrdy. Häzirki döwürde dünýä taryhynda Mary welaýatynda ýerleşýän bürünç asyryna degişli Marguş döwletiniň paýtagty Goňurdepe uly orna eýedir. Alymlaryň pikiriçe, Marguş kökleri taryhyň çuňluklaryndan gözbaş alýan gadymy Gündogar

Tamdyr

Aslyň obaly bolsa, oba bagryň badaşan bolsa, irden seni öýüň alys-u-ýakyn ýerlerinden gelýän horazlaryň sesi oýaryp gören bolsa, sygyrlaryň molaşýan, goýun-geçileriň mäleşýän seslerini häli-şindi eşidip, Günüň yssy mährine ýylanyp, maňlaý deriňi döküp gören bolsaň, çagakaň oba ýaplarynda suwa çümüp, özüňden kiçilere ýüzmegi öwreden bolsaň, agaçlara dyrmaşyp, miwäni özüň ýolup, iýip gören bolsaň, towuk ketekden ýumurtga çöpläp gören bolsaň, tamdyrdan çykan gyzgynjak çöregi suwa basyp, iýip gören bolsaň we ýene-de şulara meňzeş kän zatlary eden bolsaň, bular seniň ýüregiň çuň ýerine ornaşyp, özüňi şäherlidirin öýtseňem, olary ýatdan çykaryp bolmaýar ekeni. Bu başdangeçirmeler seni terk etmeýän ekeni. Şonuň üçinem goňşyňa tagam dadyrasyň, bolanja ýerjagazyňa ony-muny ekip, suwaryp, şol tarapa seredesiň, güýmenesiň gelip dur. Bu meniň tamdyrly bolmagym babatda-da şeýle boldy. Bir gezek köçämize tamdyr aýlap geldiler. Öňem-ä tamdyr alnasym gelýärdi weli, biýem üstüne urna boldy. Ýük ulagyň yzyndaky 5-6 sany tamdyry görüp, meniň höwesime täzeden jan girdi. Ýanýoldaşyma geňeşdim. Şäherde kemala gelenem bolsa, ýanýoldaşym şonda tamdyry beýlämde goýmak üçin alsam özüniň «öýkelejekdigini» (bu onuň meniň gowuja pikirlenmegim üçin tapan täzeligidi), şonuň üçinem käte bir gezek bişirsemem, ony gyzdyryp durmaly boljakdygymy boýnuma goýdy.

Watanymyzyň beýik üstünlikleriniň binýady

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň gymmatly ýörelgelerimizi dünýä ýaýmakda bahasyna ýetip bolmajak ähmiýeti bar. Türkmen halkynyň zähmetsöýerlik, dostluk, ynsaplylyk, myhmansöýerlik, agzybirlik ýaly ýörelgeleri, pederleriň pendine ýugrulan rowaýatlar bir bitewi paýhas sazlaşygyny emele getirip, durmuşymyza özüniň nuruny saçýar. Asyrlaryň synagyndan geçen, adam gymmatlygyny özünde jemleýän gadymy ýörelgeler bolsa ýaş nesle terbiýe bermekde gymmatly çeşme bolup durýar. Gahryman Prezidentimiziň bu ajaýyp eseriniň bir bölüminiň ylym-bilim barada bolmagy onuň many-mazmuny has-da artdyrýar. «Ylym-bilim durmuşa ýagty saçýar» atly bölümde ylym-bilimiň uly baýlykdygy, ylmy ösdürmekligiň ertirki günüňi döretmekdigi, ylymsyz durmuşyň manysynyň bolmaýandygy, hünärli bolmak, il-günüňe peýda getirmek hakyndaky pikirler, rowaýatlar giňden beýan edilýär.

Maşgala

Ol ülkäniň meşhur suratçylaryndan hasaplanylýardy. Emma onuň öz döreden eserlerinden göwni suw içenokdy. Ol bir gün has gowy eseri döretmegi ýüregine düwdi. Ýöne birnäçe günläp oýlansa-da, aklyna üýtgeşik pikir gelmedi. Gözleýänini tapjak bolup, ýeke özi telbe ýaly obanyň çetinde aýlanyp ýörkä, öňünden çykan bir gojadan: ― Dünýäde iň gowy zadyň suratyny çekmekçi bolýaryn. Emma anyk bir zady saýlap bilemok. Maňa kömek edip bilersiňizmi? ― diýip sorapdyr.

Döwletli ojagyň enesi

Arada öýümizde çaý başyndaky söhbetdeşlik kärende ýerimiz bilen baglanyşykly gürrüňlerden başlandy. Kakamyň öz çagalyk ýyllaryny ýatlap, mamama beren sowaly meni-de gyzyklandyrdy. Mamam: «Kakaň pahyr şol döwürde daýhan birleşigiň mirabydy. Ondan maslahat sorap gelýänleriň yzy üzülmezdi. Daýhan birleşigine synpdaşyň Tahyryň ejesi Rozyhal ýolbaşçylyk edýärdi. Ýaş gelin-gyzlar bolup üýşüp, işe giderdik. Ýyl-on iki aý günümiz atyz-pellerde geçerdi. Ýadamany-ýaltanmany bilmän işlärdik. Şeýdibem daýhan birleşik atly hojalyga öwrülipdi. Rozyhala asylly zähmeti üçin «Türkmenistanyň at gazanan oba hojalyk işgäri» diýen at berlen ýyllary hem şol döwürlere gabat gelýär» diýip, gürrüň berdi. Şol gün hepdäniň dynç günüdi. Men bu gyzykly gürrüňleriň täsirini gaçyrman, çaýdan soň Rozyhal enä duşup, gürrüňdeş bolmaga howlukdym. Biz bir köçäniň ugrunda ýaşaýarys. Aramyz o diýen daş hem däl. Rozyhal ene bilen söhbetdeş bolmak üçin berjek sowallarym barada oýlanyp barşyma, olaryň öýüniň deňine ýetenimi duýman galypdyryn. Ol ýerde biraz sägindim. Giň howlynyň daş-töwereginde ýetişdirilen miweli agaçlardyr dürli görnüşli güllere syn edip durşuma öz ýanymdan: «Baglara gowy ideg edilişinde enäniň maslahaty uly bolmaly» diýip, içimi gepletdim.

Suw kädi

Halkymyzyň geçmiş taryhyna ser salsaň, metal we daş önümlere garanyňda, hojalyk-durmuş hajatlary üçin maldarçylyk, ekerançylyk, küýze önümleriniň has köp ulanylandygyna göz ýetirmek bolýar. Öňler ekerançylyk diňe bir iýmit çeşmesi bolman, eýsem adamlaryň durmuş zerurlyklaryny hem üpjün edipdir. Geçmişde şeýle maksat bilen köpçülikleýin ýetişdirilen ekinleriň biri hem suw kädisidir. Suw kädi diňe gap hökmünde ulanmaga ýarawly bolup, onuň iýmitlik we mal iýmlik gymmaty ýokdur. Onuň gabarasy näçe uly bolsa-da, içi boş bolýar. Daşyndaky gaby, gabygy bolsa, onda suw, ýag, toşap ýaly suwuk zatlary saklamaga mümkinçilik berýär.

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndan hekaýatlar

Ene hormaty Ylym-bilimi örän ýetik bir danadan:

Mukaddesligi döredýän eller

(«Mirasym — mertebäm» makalalar toplumyndan) Tamdyr halkyň keramat hasaplaýan mukaddesligidir. Çörek bişirmek üçin her bir hojalykda ulanylýan tamdyry ýasamak köp zähmeti talap edýär. Biz muňa indi bassyr 30 ýyldan gowrak wagt bäri bu iş bilen meşgullanyp gelýän, asylly kärinden döwlet tapan, iki ogly, dört gyzy terbiýeläp ýetişdiren, 19 agtygyň enesi, Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň Ýalkymly geňeşliginiň Sulhy obasynda ýaşaýan Bagdagül Bazarowa bilen gürrüňdeş bolanymyzda anyk göz ýetirdik.