Ylym - beýik ösüşleriň aýdyň ýoly

16 Sentýabr 2021
1858

Milli Liderimiziň ylmy ösdürmek, onuň mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça durmuşa geçirýän beýik işleri üstünliklere beslenýär. Zehinli ýaşlary ýokary tehnologiýalar ulgamyna çekmek üçin hemmetaraplaýyn we ylmy esasda zerur meýilnamalar kabul edilýär. Häzirki döwürde ýaş alymlar halypalary bilen bir hatarda ylmy-barlag, taslama işlerini üstünlikli alyp barýarlar.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde düýpli, amaly, nazary işläp taýýarlamalar Türkmenistanyň halkara ylmy giňişligindäki abraýynyň barha artmagyna ýardam edýär.

Annadursun TATOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar