«Windows 11» operasion ulgamy tölegsiz bolar

5 Sentýabr 2021
1662

«Microsoft» korporasiýasy oktýabr aýynyň 5-inden başlap müşderilerine öý kompýuterleri üçin, operasion ulgamynyň täze «Windows 11» görnüşini tölegsiz hödürläp başlar. Ýöne muňa garamazdan, 1985-nji ýylda ilkinji gezek ulanylyşa goýberilen «Windows» operasion ulgamy «Microsoft» korporasiýasynyň esasy girdeji bölegi bolmagynda galar. Ýeri gelende, şu ýylyň ikinji çärýeginde «Windows» operasion ulgamynyň ABŞ-nyň 6,6 milliard dollary möçberinde girdeji getirendigini bellemelidiris. Bu görkeziji korporasiýanyň umumy girdejisiniň 14%-ine deňdir.

Korporasiýanyň degişli hünärmenleriniň aýtmagyna görä, «Windows 11»-iň üstünlikli işe goýberilmegi «Microsoft»-yň «Azure» hem-de «Office» ýaly beýleki bölümçeleriniň ösmegine uly goldaw bolar.

Beýleki habarlar