Türkmenistan BMG-de söz sözleýär

25 Awgust 2021
1597

Ol parahatçylyk döredijilige çagyryşdyr

Indi ençeme ýyl bäri her ýylyň sentýabr aýynyň ortalarynda ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynda Baş Assambleýanyň birýyllyk mejlisleri öz işine başlaýar. Ählumumy gün tertibiniň iňňän möhüm meseleleri boýunça bilelikde pikir alyşmak üçin ýeke-täk forum bolup hyzmat edýän bu mejlislere agza döwletleriň her biri öz garaýyşlaryny, teklipdir başlangyçlaryny hödürleýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 14-nji sentýabrynda bolsa BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisi açylýar. Halkara gatnaşyklaryň doly hukukly subýekti hökmünde Bitarap Türkmenistan hem öňde boljak möhüm çärä, adatdakylar ýaly, ileri tutýan garaýyşlary, milli Lideriniň beýik başlangyçlary bilen barýar.

Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar