Milli ýörelgelere ygrarlylyk

11 Awgust 2021
1541

Milli Liderimiziň halkymyzyň bagtyýar, abadan durmuşyny üpjün etmek ugrundaky asylly işleri ýyldan-ýyla ajaýyp ýeňişler, joşgunly zähmet üstünlikleri bilen sazlaşýar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan tutumlaryň ählisiniň hem milli ýörelgelerimizden we däp-dessurlarymyzdan gözbaş almagy bolsa buýsançly hakykatdyr. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde ähli agza döwletler tarapyndan Türkmenistanyň öňe süren «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi hem hormatly Prezidentimiziň tutuş dünýäde umumadamzat bähbitli aladalarynyň we durnukly ösüşi pugtalandyrmakdaky tagallalarynyň ägirt uly gyzyklanma döredýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.

Parahatçylygy gorap saklamak we ynanyşmagy goldamak ata-baba dowam edip gelýän ýol-ýörelgelerimizdir. Bu düşünjeler milli Liderimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň hem esasy özenini düzmek bilen, dünýäde parahatçylygyň pugtalandyrylmagynyň we özara ynanyşmagyň goldanylmagynyň iş ýüzünde berjaý edilmegine ýardam edýär. Bu ugra eýerýän syýasatymyz ýyllar geçdigiçe öz ornuny has-da berkitmek bilen ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen hoşniýetli gatnaşyklaryny-da ep-esli artdyrdy.

Haýtguly ERGEŞOW,
Döwletli etrabyndaky 9-njy orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar