Parahatçylyk we ynanyşmak — umumadamzat bähbitli ýörelge

18 Iýul 2021
1397

Garaşsyz Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan dünýäde ilkinji ykrar edilen hemişelik Bitarap döwletdir. Eziz Diýarymyz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna diýseň jogapkärli garaýar we parahatçylyk ýörelgelerine uly ähmiýet berýär. Şeýlelikde, Türkmenistan parahatçylygy, hoşniýetliligi, ynanyşmagy dünýä ýaýýar. Bu bolsa ýurdumyzyň dünýäde uly abraýa eýe bolýandygyna şaýatlyk edýär.

Hemişelik Bitaraplyk syýasaty taryhy we geografiki aýratynlygyny, gadymdan gelýän dünýägaraýyş gymmatlyklaryny, hoşniýetliligi, açyklygy, parahatçylyk söýüjiligi, geçirimliligi, agzybirligi jemleýän, türkmen halkynyň milli ruhuna laýyk gelýän pelsepe bolup durýar. Halkymyzyň şeýle asylly we ynsanperwer häsiýetleri ýurdumyzyň ösüşini üpjün etmek bilen bir hatarda, sebitleýin we ägirt uly möçberlerdäki ösüşiň meýillerini hem şertlendirýär. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly belleýşi ýaly, watançylygy, ynsanperwerligi, adalatlylygy we halklaryň dostlugyny wasp edýän bu belent ýörelgeler beýik ösüşleriň esasyny düzýär. Ýurdumyz diňe bir içeri syýasatymyzda däl, eýsem, daşary syýasatymyzda hem asylly ýörelgelere eýerip, halklaryň ýakynlaşmagyny, parahatçylygy we özara düşünişmegini döwletara hyzmatdaşlygynyň binýady hasaplaýar. Parahatçylyk söýüjilik ýörelgesi milletimiziň esasy aýratynlygy bolup, ýaşaýşymyzyň özboluşly kadasyna öwrülýär.

Meretguly ÝAÝLYMOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Aspirantura bölüminiň baş hünärmeni.
Beýleki habarlar