Hoşniýetli ýörelgeler we dostlukly ýollar bilen

16 Iýul 2021
1514

Türkmen Bitaraplygy — bu bütin dünýäde parahatçylygy goramagyň we berkitmegiň nusga alarlyk ýoly. Ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, dost-doganlyk ýörelgelerini dabaralandyrmak ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatynyň esasy özenini düzýär.

Berkarar döwletimiz dünýäde asudalygy pugtalandyrmak hem-de ýüze çykýan düşünişmezlikleri parahatçylykly ýol bilen aradan aýyrmak ýaly jogapkärli wezipäni üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, bitaraplyk düşünjesiniň täze mazmunyny ýüze çykardy. Bitaraplyk syýasaty dawaly meseleleriň döremeginiň öňüni almak we bu ugurda bilelikde hereket etmek, gepleşikleri geçirmek, döwletleriň arasynda birek-birege ynanyşmak hem hyzmatdaşlyk ýagdaýyny berkitmek ýaly işleri durmuşa geçirmek bilen berk baglanyşyklydyr.

Laçyn AZIMOWA,
«Çäksiz Diýar» hususy kärhanasynyň tehniki howpsuzlyk inženeri, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty.
Beýleki habarlar