Belent maksatlar rowaçlanýar

8 Iýul 2021
1709

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dünýäde uly abraý-hormata mynasyp boldy. Baky Bitarap Türkmenistan ynsanperwer ýörelgeler esasynda ählumumy abadançylygyň, ynanyşmagyň we Durnukly ösüşiň maksatlaryna kybap gelýän täze başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär. Şeýlelikde, ýurdumyz sebit hem-de dünýä möçberindäki, şol sanda abraýly halkara guramalarynyň çäklerindäki ynanyşmak arkaly işjeň hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny doly subut edip, häzirki döwrüň wajyp wezipeleriniň deňeçer çözgüdini işläp taýýarlamakda, tutuş dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we abadançylygyň üpjün edilmeginde, Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetilmeginde işjeň orny eýeleýändigini aýan edýär. Häzirki döwürde Türkmenistan sebitde we dünýäde durnuklylygy hem ösüşi üpjün etmekde esasy orunlaryň birini eýelemek bilen, uly abraýdan peýdalanýar. Ýurdumyz tarapyndan bu ugurda amala aşyrylýan umumadamzat bähbidini nazarlaýan giň gerimli işler dünýäde uly goldawa mynasyp bolup, adamzadyň öňünde durýan sebitleýin we ählumumy häsiýetli meseleleriň çözgüdine saldamly goşant goşýar.

Milli Liderimiz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn işler, öňe sürülýän başlangyçlar bütin dünýäde giň goldawa eýe bolýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde biragyzdan kabul edilen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasy muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmenistan turuwbaşdan Birleşen Milletler Guramasynyň asylly maksatlaryny halkara bileleşigi bilen özara gatnaşyklarda türkmen halkynyň arzuw-umytlaryna doly laýyk gelýän maksatlar hökmünde kabul etdi. Birleşen Milletler Guramasynyň parahatçylyk söýüjilik, deňhukuklylyk, döwletleriň özygtyýarlylygyna, olaryň öz ösüş ýoly baradaky hukugyna sarpa goýmak ýörelgeleri ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy hökmünde öňe sürüldi. Wagt eziz Diýarymyzyň saýlap alan ýolunyň dürsdügini hem-de esaslydygyny aýdyň beýan etdi. Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlygynda Türkmenistan halkara gatnaşyklar ulgamynda öz mynasyp ornuny tapmagy başardy. Dünýä bileleşigi bilen arkalaşykly tagallalary birleşdirmegiň, beýleki ýurtlar bilen sazlaşykly, deňhukukly we hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmagyň bahasyna ýetip bolmajak tejribesini toplady. Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk ýurdumyzyň daşary syýasatynyň kesgitleýji ugry boldy. Birek-birege ynanyşmak arkaly ýola goýlan şeýle hyzmatdaşlygyň Diýarymyzyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryny baýlaşdyrýandygyny, olary täze mazmun bilen doldurýandygyny hem ýeri gelende buýsanç bilen bellemegimiz gerek.

Laçyn MUHADOWA,
Baýramaly etrabyndaky 23-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar