Parahatçylyk ýörelgelerimiziň belent ykrary

17 Iýun 2021
1651

Berkarar Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda uly üstünlikler gazanylýar, belent sepgitlere ýetilýär. Bu bolsa eziz Diýarymyzyň durnukly ösüşleriň şaýoly bilen aýdyň geljegi nazarlap, ynamly öňe barýandygyna şaýatlyk edýär.

Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň bütin dünýäde ykrar edilmegi eziz Diýarymyzyň daşary syýasatynyň uly üstünligidir. Bu türkmen halkynyň parahatçylyk, döredijilik we hoşniýetlilik ýörelgelerine hemişe ygrarlydygynyň aýdyň beýanydyr. Türkmenistanyň baky Bitaraplygy, geografik we geosyýasy taýdan amatly ýerleşmegi parahatçylyk dörediji ýurt hökmünde başlangyçlar bilen çykyş etmäge giň mümkinçilik berýär. Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly belleýşi ýaly, döwletimiz bu parahatçylyk dörediji derejä eýe bolup, goňşy ýurtlar bilen sazlaşykly gatnaşyklary guraýar, parahatçylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmaga ýardam edýän başlangyçlar bilen çykyş edýär. Şeýle hem öz raýatlarynyň abadan durmuşda ýaşamaklaryny üpjün etmek ýaly borçlary öz üstüne alýar. Şeýlelikde, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýylyny eziz Watanymyzyň durmuşynyň daşary syýasy gatnaşyklarynda ata-babalarymyzyň parahatçylyk, dost-doganlyk ýaly ynsanperwer ýol-ýörelgeleriniň dabaralanan döwri hasaplamak bolar.

Toýbibi KÖMEKOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar