Abadançylygyň bähbidine gönükdirilen netijeli işler

17 Iýun 2021
1609

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir güni uly üstünliklere, beýik ösüşlere beslenýär. Şeýle ajaýyp ösüşler — belent üstünlikler watançylyk duýgusynyň ýokarlanmagyna ýardam edýär hem-de milli Liderimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan işlere mynasyp goşant goşmak hyjuwyny joşdurýar.

Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýyl «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly şygar astynda geçýär. Şu ýylyň şygarynyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde kabul edilen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama bilen mynasyp utgaşýandygy bellenilmäge mynasypdyr. Parahatçylyk we ynanyşmak ynsanyýet üçin iň zerur düşünjelerdir. Häzirki wagtda bu ýörelgeler hyzmatdaşlygyň we durnukly ösüşiň baş şertine öwrüldi.

Gurbanberdi GURBANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar