Ylym — kuwwatlylygyň kepili

10 Iýun 2021
1719

Şu ýyl şanly 30 ýyllyk toýy toýlanylýan mukaddes Garaşsyzlygymyz, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri türkmen ykbalynda täze eýýamyň başlangyjyny goýdy. Bu ajaýyp zamanamyzda halkyň maddy hal-ýagdaýynyň gowulandyrylmagy, milli-medeni gymmatlyklarymyzyň dünýä ýaýylmagy bilen bir hatarda ylymda, bilimde dünýä belentliklerine tarap ak ýol çekildi. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň ylym-bilim ulgamlarynda amala aşyrýan özgertmeleri, durmuşymyza ornaşdyrýan täzeçillikleri ylmy, bilimi uçar ganata deňeýän halkymyzyň geljegimiziň mundan-da röwşen boljakdygyna bolan ynamyny has-da berkidýär. Milli Liderimiziň: «Güýçli döwletde ylym esasy orny eýeleýär. Diýmek, biz ylmyň iň soňky gazananlary bilen aýakdaş gitmelidiris» diýen sözleri bu günki gün her birimiziň, ylaýta-da, bagtyýar ýaşlaryň durmuş ýörelgesine öwrüldi.

Bu günki gün dünýä ylmy tehnologiýanyň iň bir ösen derejelerine bil baglaýar. Bu ugurdan ýylyň-ýylyna täze-täze enjamlaryň döredilip, dünýäniň çar künjüne ýaýradylyp durulmagy her bir ösen döwletiň şol depginlere deňleşip gadam urmagyny talap edýär. Munuň özi häzirki zaman ösüşleriň depginini kesgitleýär. Hut şu nukdaýnazardan hem Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýaşlara bilim berlişiniň hilini gowulandyrmakda zerur bolan ähli şertler döredilýär we yzygiderli kämilleşdirilýär. Bu babatda ähli ugurlarda, şol sanda bilim ulgamynda-da sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylmagy ähli babatda mümkinçilikleriň çygryny giňeldýän guwandyryjy, geljegi uly bolan ädimdir. Ýurdumyzy tehnologik we innowasion ösüş arkaly kämilleşdirmäge gönükdirilen «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasy», «Türkmenistanda ylmy-barlaglaryň we innowasiýa tehnologiýalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň 2017 — 2021-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy», «Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020 — 2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasy» ylym ulgamyny ýokary hilli elektron maglumatlary bilen üpjün etmäge, tehniki-maksatnamalaýyn çözgütleri taýýarlamaga, durnukly hem-de täze tehnologiýalary giňden ulanmak arkaly ylmy-barlag işlerini täze derejä çykarmaga ýardam edýär. Iň esasy-da, bu başlangyçlar ylmyň, bilimiň we önümçiligiň arasyndaky baglanyşygy has-da işjeňleşdirmäge ägirt uly mümkinçilikleriň ýoluny açýar. «Ylmy işgäriň hukuk ýagdaýy hakynda», şeýle hem «Ylmy edaralar hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynda her bir raýatyň ylmy işi erkin alyp barmaga we ylmy netijelerini durmuşa ornaşdyrmaga hukuklary kepillendirilendir.

Täçmuhammet BEGHANOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar