2021-nji ýylyň maýy: milli Liderimiziň daşary syýasat başlangyçlarynyň ugry bilen

9 Iýun 2021
1956

Geçen aýda geçirilen köp sanly işewür duşuşyklar, gepleşikler, syýasy geňeşmeler, halkara forumlar, sergiler, medeni çäreler we ýurdumyzyň durmuşyndaky beýleki wakalar Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň bagtyýar durmuşyň, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine netijeli döwletara hyzmatdaşlygy giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga çalyşýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan “Açyk gapylar” syýasaty bilen baglylykda geçirilýän bu çäreleriň ählisi ýurdumyzyň parahatçylyk döredijilik kuwwatyny açmaga hem-de gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlaryň ählisi — aýry-aýry daşary ýurt döwletleri hem-de iri halkara we abraýly sebit guramalary bilen dostlukly gatnaşyklary okgunly ösdürmäge ýardam etdi.

(TDH).
Beýleki habarlar