Hoşniýetli gatnaşyklaryň binýady

8 Iýun 2021
1917

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri täze eýýamyň sazlaşykly ösüşini we döredijilik mümkinçiliklerini doly derejede açyp görkezýär. Diýarymyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän beýik işler Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli syýasatlarynyň çuňňur many-mazmunyny aýdyň ýüze çykarýar. Bu bolsa parahatçylyk we ynanyşmak esasynda ýurdy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň ylmy taýdan esaslandyrylan ýörelgeleriniň maksada okgunly, yzygiderli we anyk durmuşa geçirilýändigine doly şaýatlyk edýär.

Gahryman Arkadagymyzyň üstünlikli amala aşyrýan özgertmeleriniň, geçirýän her bir maslahatlarynyň, ozaly bilen, halkymyzyň jebisligini berkitmek,il abadanlygy, ýurt parahatçylygy, Watan berkararlygy bilen berk baglydygyna, umumadamzat ähmiýetli asylly başlangyçlaryň gözbaşynda durandygyna biz her ädimde şaýat bolýarys. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň islendik hoşniýetli döwlet bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýmagy hem-de ösdürmegi hemişe ileri tutýandygyny parasatly belleýär.Şeýle çuňňur many-mazmunly, parasatly ýörelgeler eziz Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gözbaş alýan daşary syýasatynyň esasy ugruny, ýol-ýörelgesini kesgitleýär we äşgär edýär.Çünki ýurdumyz dünýäde parahatçylygyň, birek-birege ynanyşmagyň hemişe ösüşlere eýe edýändigini, raýatlaryň bagtyýar durmuşyny üpjün edýändigini aýdyň beýan edýär. Şoňa laýyklykda, dünýäniň ähli döwletleri hem-de iri halkara guramalary bilen özara bähbitli gatnaşyklary barha giňeltmek, şol hyzmatdaşlygyň dostlukly hem-de umumadamzat derejesinde bähbitli we oňaýly gatnaşyklardan ybarat bolmagy ugrunda tagalla edýäris. Dostluk we ynanyşmak arkaly ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň has ygtybarly, hemişelik bolýandygyna berk ynanýarys hem-de şu ýörelgä pugta eýerýäris.

Maýsa TUWAKBAÝEWA,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar