Parahatçylygyň we hoşniýetliligiň ýörelgesi

3 Iýun 2021
2031

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň alyp barýan daşary syýasaty, halkara gatnaşyklary milli bähbitler bilen birlikde dünýäniň, sebitiň ýurtlarynyň, halklarynyň bähbitlerine gönükdirilendir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz döwletimiz Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürýär we möhüm başlangyçlar bilen çykyş edýär.

Dünýä bileleşigi baky Bitarap Türkmenistany umumadamzat we sebit ähmiýetli meseleleriň oňyn çözülmeginde mynasyp we ynamdar hyzmatdaş hökmünde giňden ykrar edýär. Şunda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, Türkmenistanyň başlangyjy esasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň dünýä jemgyýetçiligi üçin möhüm bolan Kararnamalaryň kabul edendigini ýatlap geçmek bolar. Özara hyzmatdaşlygyň täze mysallary hökmünde 2019-njy ýylda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň düzümleriniň üçüsine: 2020—2023-nji ýyllar döwri üçin Bütindünýä azyk maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň, 2020—2022-nji ýyllar döwri üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat we ösüş boýunça Komissiýasynyň, 2020—2024-nji ýyllar döwri üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe serişdeleri boýunça Komissiýasynyň agzalygyna saýlanandygyny we beýleki birnäçe ýakymly mysallary ýatlap geçmek bolar.

Oraz ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň aspiranty.
Beýleki habarlar