Baky Bagtyýarlygyň aýdyň ýoly

20 Maý 2021
1720

Dünýä jemgyýetçiligi hormatly Prezidentimiziň bütin adamzadyň parahatçylykda ýaşamaklaryny maksat edinýän we döwrüň gaýragoýulmasyz wezipelerini çözmäge ýardam berýän halkara başlangyçlaryny tutuşlygy bilen goldaýar. Bu bolsa ýurdumyzyň beýleki halkara we sebitara guramalary bilen arkalaşykly hereketiniň netijeli ugruny has-da ýokary göterýär. Şeýlelikde, ýurdumyzyň halkara gatnaşyklaryny döwrüň talaplaryna we milli bähbitlere laýyklykda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşlerde alyp barmakda giň mümkinçilikler gazanylýar.

Eziz Diýarymyz bu gün parahatçylyk dörediji we durmuşa geçiriji ýurt hökmünde dünýäde uly abraýdan peýdalanýar. Türkmenistanyň durmuşa geçirýän «Açyk gapylar» syýasaty sebitleýin we dünýä döwletleri bilen giň hyzmatdaşlyga oňyn täsir edýär. Şeýle hem ähli ýurtlaryň we halklaryň abadan geljegine hyzmat edýär. Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat bolsa sözüň doly manysynda dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen parahatçylyk dörediji merkeze öwrüldi.

Annasona ATAÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar