Umumadamzat bähbitli işler

9 Maý 2021
1807

Parahatçylygy dünýä ýaýmak, umumadamzat bähbitli beýik işleri durmuşa ornaşdyrmak bagtyýarlyk döwrümiziň asylly ýörelgesine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklar ösdürilýär, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyklar has-da pugtalandyrylýar. Munuň özi baky Bitaraplyk syýasatymyzyň asylly ýörelgesi bolup, ählumumy parahatçylygy has-da ösdürmäge uly goşantdyr.

Eziz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ählumumy parahatçylykdyr, bagtyýarlykdyr. Özem belli bir wagt bilen çäklendirilmedik, hemişelik bagt! Dünýäde parahatçylygy, abadançylygy hem durnukly ösüşi gorap saklamak, has-da pugtalandyrmak, rowaçlandyrmak ýaly belent ynsanperwer maksatlar bilen döredilen Birleşen Milletler Guramasy bilen Türkmenistan hyzmatdaşlygy barha ösdürýär. Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan halkara borçnamalaryny indi çärýek asyr bäri gyşarnyksyz berjaý edýär, özüniň bu abraýly orna mynasypdygyny kemsiz subut edip gelýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan häzirki döwürde adamzadyň bähbidine esaslanýan başlangyçlar bilen işjeň çykyş edýär. Baky Bitarap Watanymyzyň halkara derejede gazanan syýasy üstünliklerini, ýeten mertebeli menzillerini älem görýär, dünýä bilýär. Çünki, olar halkara habarlar giňişliginde uly gyzyklanma döredip, yzygiderli beýan edilýär. Aýratyn nygtamaly zat bolsa baky Bitaraplyk — türkmen diplomatiýasynyň iň uly üstünligidir. Baky Bitaraplyk — türkmen halkynyň milli gymmatlygy, baş mukaddeslikleriniň biridir. Dünýäde öz saýlap alan ýoluň bilen öňe gitmek, işjeň halkara gatnaşyklary, milli ykdysadyýetiň depginli ösüşlerini saklap galmak beýik işdir.

Jahan HALJANOWA,
Aşgabat şäherindäki 13-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar