Türkmen diplomatiýasynyň täze üstünligi

21 Aprel 2021
1767

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň bütin dünýäde ählumumy durnukly ösüşi üpjün etmäge we köpugurly halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de berkitmäge gönükdirilen daşary syýasat strategiýasy has-da dabaralanýar. Milli Liderimiziň öňdengörüjilik we täzeçillik syýasatyna esaslanýan bu ugur giň dünýä jemgyýetçiliginde doly ykrar edilýär. Muňa 16-njy aprelde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 59-njy mejlisinde «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi hem aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk köpugurly we netijeli häsiýete eýedir. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan daşary syýasaty netijesinde bu abraýly halkara gurama bilen köpugurly gatnaşyklar depginli ösdürilýär. Ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde halkara başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär hem-de olary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar. Bu babatda BMG ýurdumyza ýokary ynam bildirýär, ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hökmünde garaýar. Bu bolsa Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň 72-siniň awtordaşlygynda kabul edilen täze Kararnamada öz beýanyny tapýar.

Oguljan ATDAÝEWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar