Dünýäde parahatçylygyň berkarar bolmagynyň bähbidine

15 Aprel 2021
1857

Düýn paýtagtymyzda dabaraly ýagdaýda ulanmaga berlen Türkmenistanyň Maslahatlar merkezinde mertebesi belent Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy» atly halkara maslahatyň dabaraly mejlisi geçirildi. Halkara forum dabaraly ýagdaýda açyk diýip yglan edilýär. Milli Liderimiz maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip hem-de hemmeleri täze Maslahatlar merkeziniň binasynda gutlap, bu ajaýyp binanyň halkara durmuşynyň möhüm meselelerini dürli görnüşdäki duşuşyklarda ara alyp maslahatlaşmak, şol meseleler boýunça hoşniýetli erk-isleg, jogapkärçilik hem-de döredijilikli hyzmatdaşlyk esasynda bilelikdäki oňyn çemeleşmeleri işläp taýýarlamak üçin myhmansöýer künjek hem-de amatly meýdança boljakdygyny belledi. Mähriban Arkadagymyz syýasy-hukuk guraly hökmünde Bitaraplyk syýasatynyň häzirki wagtda Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmekde, ählumumy wehimlere – halkara terrorçylygyna, guramaçylykly jenaýatçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna netijeli garşy durmakda tagallalary birleşdirmek üçin uly ähmiýete eýedigine ynam bildirdi. (Arkadag Prezidentimiziň çykyşy gazetimiziň şu sanynda dolulygyna çap edilýär). Biz forumyň netijelerine, edilen çykyşlaryň derejesine, maslahata gatnaşyjylaryň taýýarlygyna ýokary baha berýäris we gatnaşyklary, bilelikdäki işi dowam etdirmäge taýýardyrys diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy uly üns we gyzyklanma bilen diňlenildi hem-de ruhubelentlik bilen kabul edildi.

Soňra ÝHHG-niň Baş sekretary Helga Şmid, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Olga Algaýerowa, BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman boýunça Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Armida Salsiýa Alisjahbanan, BMG-niň Türkmenistandaky wagtlaýyn utgaşdyryjysy, BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekili Kristin Weýgand, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohin, ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mettýu Stiwen Klimow, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Drozd, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Diýego Ruiz Alonsa hormatly Prezidentimizi hem-de Türkmenistanyň halkyny Halkara maslahatlar merkeziniň açylmagy we şu mynasybetli geçirilýän möhüm forum bilen gutladylar. Milli Liderimiz dabaraly mejlisine gatnaşyjylara jemleýji söz bilen ýüzlendi. Döwlet Baştutanymyz aýdylanlary jemläp, hemmelere Türkmenistanyň we onuň halkynyň adyna aýdan mähirli sözleri, ýurdumyzyň halkara başlangyçlaryny goldaýandyklary üçin ýene-de bir gezek tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Bularyň ählisi ählumumy gün tertibiniň iň wajyp meseleleri boýunça gepleşikleri ýola goýmak, umumy maksatlara ýetmegiň bähbidine hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek babatda seçilip alnan ýoluň dogrudygyna bizde goşmaça ynam döredýär diýip, Arkadag Prezidentimiz sözüni jemledi.

Beýleki habarlar