Dünýä nusgalyk görelde

14 Aprel 2021
1671

Mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan Türkmenistan Watanymyz ikitaraplaýyn döwletara gatnaşyklaryny ýola goýmak bilen bir hatarda, iri halkara guramalar bilen köpugurly özara hyzmatdaşlygy hem işjeň ösdürýär. Şolaryň hatarynda Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy we beýleki abraýly halkara guramalar bar. Dünýäde parahatçylyk söýüji, netijeli daşary syýasaty alyp barýan hemişelik Bitarap döwletimiziň halkara abraýy yzygiderli ýokarlanýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmegi munuň ýene bir aýdyň subutnamasydyr.

Mähriban Arkadagymyz hemişelik Bitarap Türkmenistanyň sebitde parahatçylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga, hoşniýetli goňşuçylyk ýagdaýyny döretmäge hem-de hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly goşant goşandygyny we goşmagyny dowam edýändigini aýratyn belleýär. Bularyň ählisi Garaşsyz Watanymyzyň dünýäde eýeleýän ornuny berkitmäge we onuň abraýyny ýokarlandyrmaga ýardam berdi. Milli Liderimiziň durmuşa geçirýän döredijilikli, oňyn içeri we daşary syýasatyny hem-de hormatly Prezidentimiziň yklymara energetika we ulag geçelgelerini döretmek boýunça öňe sürýän möhüm halkara başlangyçlaryny sebit we dünýä döwletleri, iri halkara guramalary giňden goldaýar. Şol başlangyçlar bolsa dünýä bileleşiginiň goldaw bermeginde üstünlikli durmuşa geçirilýär.

«Esger».
Beýleki habarlar