Ösüşiň dünýä ähmiýetli nusgasy

12 Aprel 2021
1678

Türkmenistan döwletimiz bu gün ynsanperwer daşary hem içeri syýasatynda gazanýan üstünlikleri bilen halkara ykrarnamasyna eýe bolýar, ata Watanymyzyň at-abraýy, şan-şöhraty belende galýar. Ýurdumyzyň içeri syýasatynda merdana halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, bagtyýar raýatlarymyzyň abadançylygyny, durmuş taýdan goraglylygyny, döwrebap ýaşaýşyny üpjün etmek, badalga berlen toplumlaýyn özgertmeleriň netijeliligini artdyrmak we olaryň halkyň bähbidine hyzmat etmegini gazanmak baradaky tutumly işler öz beýanyny tapýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ajaýyp taglymatyndan gözbaş alýar. Berkarar döwletimiziň daşary syýasaty ynsanperwer häsiýetliligi, dünýä halklarynyň bähbidine hyzmat edýändigi bilen hem tapawutlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň: «Biziň Bitaraplygymyzyň esasy maksady halkara borçnamalara hem-de halkara hukugyň kadalaryna berk we gyşarnyksyz eýerip, ýurdumyzyň geosyýasy we geoykdysady mümkinçiliklerini parahat durmuşyň we döredijilikli ösüşiň hatyrasyna gönükdirmekden ybaratdyr» diýen sözleri hem munuň güwäsidir. Sebäbi ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan ugur alyp ýöredýän daşary syýasaty dünýä halklarynyň abadançylygynda, ösüşinde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen üstümizdäki ýylyň bütin dünýä boýunça «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem Türkmenistanyň häzirki zaman şertlerinde dünýäde parahatçylygy goldaýan, birek-birege ynanyşmagy berkidýän, dostlugy dabaralandyrýan ýurt hökmünde ykrar edilendigini açyk-aýdyň görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň ýurdumyz boýunça «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen şygar astynda geçirilmegi öz öňümizde goýlan aýdyň maksatlary, belent wezipeleri ýerine ýetirmäge, ýurdumyzyň at-abraýyny, mertebesini ýokarlandyrmaga, tutumly işleri amala aşyrmaga, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny zähmet üstünlikleri bilen mynasyp garşylamaga ruhlandyrýar. 

Hojabibi ARAZDURDYÝEWA,
welaýat döwlet notarial edarasynyň müdiriniň orunbasary, 2-nji derejeli ýurist.
Beýleki habarlar