Parahatçylygyň hoşniýetli ýörelgesi

4 Aprel 2021
1595

Türkmen halkynyň hoşniýetlilik, dostanalyk ýaly gadymdan gelýän ynsanperwer ýörelgeleri ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň esaslary bolup durýar. Halkymyz hemişe parahatçylyk ýörelgelerine sarpa goýdy, ondan ugur aldy. Çünki, dünýäde parahatçylygyň, dostlugyň hem-de ynsanperwerligiň mekany hökmünde tanalýan ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy halkymyzyň gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdan milli däp-dessurlary, parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Baky Bitaraplygymyz diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, Merkezi Aziýada, bütin dünýäde parahatçylygyň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň rowaçlanmagyny üpjün etmek işinde nusgalyk ýol bolup durýar. Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny biragyzdan makullamagynyň dünýä tejribesinde täze ugur bolandygyny aýratyn bellemegimiz gerek. Ýurdumyzyň halkara syýasatynda nusgalyk ýoly alyp barmagy we dünýä döwletleriniň ynamyny gazanmagy taryhy wakadyr. Garaşsyz ýurdumyzyň gülläp ösmeginde, ykdysady kuwwatynyň pugtalanmagynda, halkara bileleşiginde abraýynyň artmagynda baky Bitaraplygymyzyň ähmiýeti uludyr. Baky Bitaraplyk agzybir ýaşaýşa, asuda durmuşa, röwşen ertire bolan synmaz ynamdyr.

Maral HAÝTYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 30-njy orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar