Ykballara nur çaýylýar

2 Aprel 2021
1569

Baky Bitaraplygymyz döwletimiziň ynsanperwerlige, parahatçylyga, dost-doganlyga esaslanýan ýörelgesini dünýäde giňden dabaralandyrýar. Watanymyzyň halkara abraý-mertebesini belende göterýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyz bolsa ýurdumyzyň Ýer ýüzünde bitewi millet hökmünde tanalmagynyň belent ykrarnamasy bolup, halkymyzyň berkarar döwletine buýsanyp, guwanyp, dünýäde deňli-derejeli ýaşamagyny kepillendirýär.

Baky Bitaraplygymyzyň hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň geçen taryhy ýyllarynyň içinde şanly senenamamyzda mynasyp orun alan şöhratly wakalar ykballarymyza nur çaýyp, ýüreklerimizi söýgi-buýsanja besledi. Durmuşymyzy düýpgöter özgerdýän beýik tutumlar durmuşa geçirilip, ýurdumyzy ähli ugurlarda ösdürmekde, dünýä ýurtlary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmakda giň mümkinçilikler açyldy. Ata Watanymyz Bitaraplyk hukuk derejesinden gelip çykýan wezipelere eýermek bilen, dünýäde parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmekde, daşary döwletler, şeýle-de abraýly halkara guramalary bilen sazlaşykly gatnaşyklary ýola goýmakda gymmatly tejribe toplady. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly hem-de öňdengörüjilikli başlangyçlarynyň ajaýyp miwesidir.

Ogulsuraý ETREKOWA,
Türkmenbaşy etrabyndaky 18-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar