Bagtyýarlygyň goýnunda

16 Mart 2021
1938

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, senagat mümkinçiliklerini artdyrmak, durmuş düzümini döwrebaplaşdyrmak, sebitleri toplumlaýyn ösdürmek, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Bitaraplyk dost-doganlyk diýmekdir, hoşniýetli goňşuçylyk, asuda we abadan durmuşdyr.

Gözel Diýarymyzyň obadyr şäherçelerini, etrap merkezlerini abadanlaşdyrmak, ýokary hilli ýaşaýyş jaý toplumlaryny gurmak, öňdebaryjy tehnologiýaly iri senagat toplumlaryny döretmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bu özgertmeler döwletimiziň durnukly durmuş-ykdysady ösüşiniň şertine öwrülip, halkymyzyň hal-ýagdaýyny düýpli ýokarlandyrmaga ýardam edýär hem-de baky Bitarap Watanymyzyň ykdysadyýetiň ähli ugurlary boýunça uly ösüşlere eýe bolmagyna giň mümkinçilik açýar.

Ýolly MYRADOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar