Gymmatly hazyna

10 Mart 2021
1411

Ylym-bilim adamlar üçin ýol-ýörelgedir, jemgyýetiň ösmeginiň, kämilleşmeginiň möhüm şertidir. Şonuň üçinem Diýarymyzyň Garaşsyzlygy gazanylanyndan bäri geçen otuz ýyla golaý wagtyň içinde ylym-bilimi ösdürmek, kämilleşdirmek ugrunda möhüm çäreler durmuşa geçirildi. Umumy orta bilimiň 12 ýyllyk möhlete geçirilmegi, ylym-bilim ojaklarynda sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy, täze orta hünär, ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesiniň açylmagy, bilim edaralarynyň dünýä ölçeglerine laýyk gelýän maddy-tehniki enjamlar bilen üpjün edilmegi, täze dersleriň okuw meýilnamalaryna girizilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiz ylym-bilimi ösdürmeklige we kämilleşdirmeklige degişli kararlaryň birnäçesini kabul etdi. Milli Liderimiz öz çykyşlarynda bilimiň jemgyýetiň ösüşindäki, nesil terbiýesindäki ähmiýeti, bu ulgamy ösdürmegiň we kämilleşdirmegiň ýollary barada gymmatly pikirleri öňe sürýär. Gahryman Arkadagymyzyň geçen ýylda neşir edilip, halkymyza gowşan we häzirki wagtda dünýä halklarynyň birnäçesiniň dillerine terjime edilen «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň üçünji bölümi hem «Ylym-bilim durmuşa ýagty saçýar» diýlip atlandyrylýar. Bu bölümdäki pähimlere, gadyrly okyjylar, siziň ünsüňizi çekmekligi ýerlikli hasaplaýarys.

Leýla NURMAMEDOWA,
Türkmenabat şäherindäki 13-nji orta mekdebiň taryh mugallymy.
Beýleki habarlar