Ene gudraty

5 Mart 2021
817

Ene! Bütin dünýäni özüniň mähri bilen çoýup bilýän bu ynsana, onuň mährine, söýgüsine deňäp boljak zat barmyka? Onuň ýüregi öz perzentleri bilendir. Seniň kyn günüňde gynanýan, şat günüňde-de begenýän bu ynsan aýra düşeniňde-de goldaýan eken. Şu ýerde mähriban eneleriň mähriniň güýjüne degişli bir rowaýaty ýatlamakçy bolýarys:

Birwagtlar üç adam bir iş bilen daga gitmeli bolupdyr. Olar daga ýetip barýarkalar, güýçli ýagyn ýagyp başlapdyr. Ýagyndan goranmak, soň hem bir azajyk dynç alyp, çaý-suw içip, soňra ýollaryny dowam etmek maksady bilen, golaýdaky dag gowaklarynyň birine giripdirler. Gowaga girip ornaşanlary hem şol eken, birden bir äpet daş togalanyp geläge-de, gowagyň agzyna gapgarylyp duruberipdir. Sähel ýagty bolaýmasa, adam geçer ýaly ýer galmandyr. Garaşylman durka ýüze çykan bu ýagdaýa gynanan üç adam çykalgany açjak bolup, köp synanyşýarlar. Emma äpet daşy gozgardan ejiz gelipdirler. Ahyrsoňy olaryň ulusy bir pikiri orta atypdyr. «Her kim Allanyň haky üçin bir oňat iş eden bolsa, şony öňe tutup, gudraty güýçli Allany kömege çagyrmaly». Bu pikir beýlekileriň hem göwnüne ýarapdyr. Birinji adam: «Eý, Allam, birwagt men sadaka berip, birnäçe garyby doýrupdym. Men şony seniň razylygyň üçin edipdim, şolaryň adyndan, ýa Alla, özüň kömek et!» diýip, daşy itipdir welin, äpet daş azajyk, gol geçer ýaly süýşüpdir. Ikinjisi: «Eý, Allam, birwagt men birnäçe ýetim çaganyň başyny sypap, olary atyma mündürip aýlapdym, bir zat alar ýaly olara pul hem paýlapdym. Men şony seniň razylygyň üçin edipdim, şol çagalaryň adyndan, ýa Alla, özüň kömek et!» diýip, daşy itipdir welin, äpet daş ep-esli süýşüp, daşary görnüpdir. Olaryň üçünjisi bir ýaş ýigit eken. Ol: «Eý, Allam, meniň ejem keselläp, ýata bolupdy. «Ejem jan haçan gözüni açaýsa, ýetişip, şol salymda oňa suw bereýin» diýip, ejemiň ýanynda iň soňky demine çenli gijeler uklaman, garaşyk etdim. Men şony seniň razylygyň hem-de mähriban käbämiň öňünde özümiň perzentlik borjumy ýerine ýetirmek üçin edipdim. Şonuň üçin bu beladan halas bolmaga ejem janyň adyndan, ýa Alla, özüň kömek et!» diýip, ýaş ýigit daşy itipdir welin, äpet daş togalanyp, dagdan aşaklygyna gaýdypdyr.

Jumagül HOJAÝEWA,
TKA-nyň welaýat birleşmesiniň pudaklar boýunça utgaşdyryjysy, Türkmenistanyň ussat mugallymy.
Beýleki habarlar