Gurbannazaryň «Ýazlary»

4 Mart 2021
900

Gurbannazar Ezizowyň döredijiliginde birnäçe düşünjeler, närseler özboluşly akymy kemala getirip, olaryň her birisi şahyryň şahyrana uslybynyň bir özboluşlylygyndan habar berýär. Şolardan bir akaba barada gürrüň etmegi göz öňüne tutýarys.

Gurbannazaryň ýaz hakyndaky goşgularynyň başlybaşyna bir akaba bolup, şygryýetiniň uslybyny alamatlandyrýan bir özboluşlylygyň şygryýetinde ornaşmagy tebigy ýagdaý. Kämil şahyrlaryň eserlerinde dogduk mekanyna, ilýurduna, Watanyna bagyşlap eserler döretmeginiň kanuny hadysa bolşy ýaly, dünýä inen paslynyň hem şygyrlarynda şöhlelenjekdigi şübhesizdir. Gurbannazar Ezizowyň şygryýetinde doglan obasy Söwütli, ilgüni, Watany baradaky goşgularynyň hatarynda, doglan pasly — ýaz paslynyň hem orun almagy zehiniň kanuny hukugy. Iň ähmiýetli ýeride, menem baharýaz hakynda goşgular döredip, özüme şahyrana ýörelge ýasanaýyn diýlen ýaly ýasamalyk ýüzünden kemala gelmän, «uslyp», «ýörelge», «şahyrana akaba» ýaly düşünjeler heniz şahyryň kellesinde ýok wagtlary, hatda olaryň manysyna düşünip bilmejek ýaşynda — okuwçylyk döwründe baharýaz hakynda «jigerlije» goşgular ýazyp, uslyp özboluşlylygynyň ilkinji «kerpiçlerini» goýmagy başarypdyr. Bu özakymlaýyn dörän ýagdaýdyr. Ine, şol şahyrana «kerpiçlerden» iki sanysy: «Üç ýyl ozal bahar çagy, Ekipdim men dürli bagy. Bu ýaz, ine, hemmejesi: Alma, erik hem üljesi, Akja güllerin açdylar, Yslaryn her ýan saçdylar». «Ajap säher! Ýapraklarda damjajyklar bulduraşýar. Ýaz säheri her ýaprakda, Her gunçada müň aýdym bar». Okuwçy Gurbannazaryň «Säherde», «1nji Maý», «Bahar geldi», «Ýaz ýagşy», «Ýodajyk» ýaly goşgularyň hasabyna mysaly köpeldip bolar. Bu goşgularyň köpüsiniň mart aýynda döräp, şol ýylyň mart aýynda metbugatda çap edilendigini ýatlalyň. Gurbannazaryň okuwçy ýyllarynda döreden goşgularynyň özem epesli bar. Biz diňe metbugatda çap bolanlaryna ýüzlendik. Diýmek, Gurbannazaryň poetikasynyň bir örki bahara, ýaza baglydyr. Şahyryň dünýä inen ilkinji çagasyna Ýazgül diýlip at goýulmagyny şol örküň durmuşy tassyklamasy hökmünde kabul etmek mümkin.

Gurbandurdy GELDIÝEW,
filologiýa ylymlarynyň doktory, professor.
Beýleki habarlar